Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş

Belgiýanyň çempionaty “Jupiler Pro League” beýleki ligalara garanyň-da o diýen özüni çekiji çempionat bolmasa-da, möwsümi taryhy çempionlyk göreşi bilen jemlendi. Çempionatda çempion soňky tapgyrda, has takygy, pleý-off soňky duşuşyklarynda dramatik ýagdaýda belli boldy. Duşuşyklaryň dowam edýän pursatynda 3 klubuň arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş bolup, duşuşyklar tamamlanýança çempion topar 3 gezek üýtgedi.

Soňky duşuşyklardan öň “Antwerpen” toparynyň 46, 2-nji ýerdäki “Ýunion Sent-Žilluaz” toparynyň 46, 3-nji ýerdäki “Genk” toparynyň 45 hem-de hiç hili çempion bolmak mümkinçiligi galmadyk Klub Brýuggeniň 33 utugy bardy. “Genk” öz meýdançasynda “Antwerpen” bilen duşuşsa, “Ýunion Sent-Žilluaz” öz meýdançasynda “Klub Brýuggeni” kabul etdi.

Toparlara arakesmä “Genk” 1-0 öňde, “Ýunion”“K.Brýugge” duşuşygynda-da golsuz ýagdaýda arakesmä çykdylar we 1-nji ýarymdaky bu netijelerden soň “Ýunion” çempiondy.Hatda “Ýunion” topary 2-nji ýarymyň başynda öňe-de saýlanyp, çempionlyga hasam golaýlady. Ýöne 2-nji ýarymyň ahyrlarynda juda köp zat üýtgedi. 58-nji minutda “Antwerpen” topary hasaby deňlese-de, şol wagtky hasaplara görä hem, “Ýunion” çempiondy.

Hatda, 75-nji minutda “Genk” 2-nji goly hem geçirip, 2-1 öňe geçdi we “Ýunionyň” işini has-da ýeňilleşdiripdi.Emma 89-njy minutdan soň hemme zat üýtgedi.

Geçen möwsümde-de adaty sanawy 1-nji orunda tamamlap, pleý-off tapgyrynda çempionlygy “Klub Brýugge” toparyna aldyran Sent-Žilluazlylaryň çempionlygyna bu möwsümde-de ýene şol klub badak goýdy. 88-nji minutda oýna giren Şon Homma 1 minutdan soň hasaby deňledi. 90+3-nji minutda-da Hommanyň pasyndan soň Noa Lang “Klub Brýuggeni” 2-1 öňe geçirdi.

Bu hasaplara görä, çempionlyk “Genk” toparyna geçdi. Ýöne ruhdan düşmedik “Antwerpen” topary 90+4-nji minutda meşhur goragçysy Tobi Alderweireldiň goly bilen hasaby deňledi.Bu goldan soň çempionlyk “Antwerpen” toparyna geçdi we ol şol klubda-da galdy.

Oýnuň 90+6-njy minutynda “Antwerpeniň” oýunçylarynyň biri (Balikişa) gyzyl kart hem alsa-da, bu olaryň taryhy çempionlygyna oňaýsyz täsirini ýetirmedi.Beýleki duşuşykda-da 90+10-njy minutda “Klub Brýugge” ýene bir gol geçirip (Sisse Sandra), oýna soňky nokady goýdy.

Şunlukda, “Genk” “Antwerpen” duşuşygy 2-2, “Ýunion Sent-Žilluaz” “Klub Brýugge” duşuşygy-da 3-1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.Bu netijelerden soň, “Antwerpen” utugyny 47-ä çykaryp, taryhy çempionlyk gazandy.

Bu olaryň 66 ýyldan soň gazanan ilkinji, umumylykda 5-nji çempionlygy boldy.Häzirki wagtda ozalky meşhur futbolçy, niderlandlardan Mark Wan Bommeliň tälim berýän kluby mundan öň 1928/29, 1930/31, 1943/44 hem-de 1956/57 möwsümlerinde çempion bolupdy.

Topar kubok ýaryşynda-da ýeňiş gazanyp, möwsümi goşa üstünlik bilen tamamlamagy başardy.Utugyny 46-a çykaran “Genk” çempionaty 2-nji orunda tamamlap, UEFA Çempionlar Ligasyna 2-nji saýlama tapgyryndan başlap gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bassyr 2-nji möwsümde agza-burna gelen çempionlygy elden gideren “Ýunion Sent-Žilluaz” topary-da soňky gezek 1934/35 möwsüminde gazanan çempionlygy üçin ýene-de bir möwsüm garaşmaly bolar.

Ýene degişli makalalar

De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar
Çärýek we ýarym final oýunlary
ÝEWROPA LIGASY
6 topar ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Goranyş senagatynda dünýäde ilkinji 100 kärhananyň hataryna giren türk kärhanalaryň sany artdy