/* custom css */ .td_uid_19_60c7eface597b_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c7eface597b_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 “Fransiýa Açyk” tennis ýaryşynda zenanlaryň arasyndaky garaşylmadyk finalda çehiýaly Barbora Kreýçikowa ýeňiş gazandy. 25 ýaşyndaky tennisçi 1 sagat 58 minutlap dowam eden finalda 31-nji basgançakdaky russiýaly Anastasiýa Pawlýuçenkowany 6:1, 2:6 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.
Bu onuň ilkinji “Uly tuwulga” çempionlygy bolup, 33-nji belgili tennisçi karýerasyndaky 2-nji kubogyny gazandy.Kreýçikowa 40 ýyldan soň, ýagny 1981-nji ýylda çempion bolan Hana Mandlikowadan soň “Fransiýada Açykda” ýeňiş gazanan ilkinji zenan tennisçi boldy. Şeýle-de Kreýçikowa zenanlaryň arasyndaky jübütleýin bäsleşikde-de watandaşy Katerina Siniakowa bilen ýeňiş gazandy.
Kreýçikowa bilen Siniakowa ikisi finalda polşaly Iga Swýontek bilen amerikaly Betani Mattek-Sands ikisini 2:0 (6:4, 6:2) hasabynda ýeňdi.Jübütleriň arasynda 2016-njy ýylyň hem çempiony Kreýçikowa soňky 21 ýylda “Rolan Garrosda” 2 kubok birden gazanan ilkinji zenan tennisçi hökmünde taryha girdi.
Soňky gezek 2000-nji ýylda Meri Pirs ýekeleýin hem-de jübütleýin ýaryşda çempion bolupdy.Erkekleriň arasyndaky jübütleýin ýaryşda-da fransiýaly Pierr-Hug Erber bilen Nikola Mahu ikisi çempionlyk gazanyp, olar finalda gazagystanly Aleksander Bublik bilen Andreý Golubew ikisini ýeňlişe sezewar etdiler.