Soňky 2 ýaryşdan öň aratapawut 14 utuk

Moto GP boýunça möwsümiň 18-nji ýaryşy Malaýziýanyň Sepang şäherinde geçirildi. Şäherdäki halkara trassada geçirilen ýaryşda “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Enea Bastianini ýeňiş gazandy.Ol 20 aýlawy 39 minut 59,137 sekuntda tamamlamagy başardy.

Bu onuň şu möwsümdäki ilkinji, karýerasyndaky 5-nji ýeňşi boldy. Ýeňijiden 1,535 sekunt yza galan “Ducati Gresini Racing” toparynyň ispan sürüjisi Aleks Markes 2-nji ýeri eýeledi.Sanawyň lideri “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia münberiň 3-nji basgançagyna çykdy. 2-nji orunda barýan “Ducati Prima Pramac” toparynyň ispaniýaly piloty Horge Martin ýaryşy 4-nji orunda tamamlady.

Fransiýaly Fabio Kuartararonyň “Monster Energy Yamaha” 5-nji bolan ýaryşynda italiýaly Marko Bezzekki “Ducati Mooney VR46 Racing” 6-njy ýeri eýeledi.

Sprint ýaryşynda Aleks Markes ýeňiji bolup, ol Horge Martin hem-de Françesko Banaiadan öňe saýlandy. Şunlukda, möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, Banaia bilen Martiniň arasyndaky çempionlyk göreşi hasam ýokary depginde dowam edýär.

Malaýziýa “Gran Prisinde” Banaia 23, Martin 22 utuk gazandy.Netijede, Banaianyň utugy 412-ä ýetdi we ol liderligini dowam etdirýär.Ondan 14 utuk yzda barýan Martin 2-nji ýeri eýeleýär. 3-nji orundaky Bezzekkiniň bolsa 323 utugy bar.

Möwsümiň 19-njy ýaryşy 19-njy noýabrda Kataryň Lusail şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Täze çempion
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Sanawyň lideriniň möwsümdäki 6-njy ýeňşi
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi
Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy
1-nji orna çykaran ýeňiş