
Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, PKK/KJK/PÝD-ÝPG-SDG, DEAŞ we FETÖ ýaly terror guramalaryna garşy alyp barylýan göreş hakynda maglumat berildi.
Terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýalarda soňky 1 hepde-de ýene-de 43 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.
1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany bolsa 321-e ýetdi.
Geçen hepde Yragyň demirgazygyndaky gaçybatalgalaryndan gaçan PKK-ly 3 terrorçy hem Şyrnagyň Silopi etrabynda howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.