Milli Goranmak ministrligi, Yragyň we Siriýanyň demirgazy bilen birlikde ýurduň içinde geçirilýän operasiýalarda soňky 1 hepde-de 38 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Milli Goranmak ministrliginiň metbugat gullugyndan jogapkär ýolbaşçysy Zeki Aktürk, metbugata beren beýannamasynda, Türk ýaragly güýçleriniň terrora garşy alyp barýan operasiýalarynyň dowam edýändigini aýtdy.
Aktürk “Soňky 1 hepde-de 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 868-i Yragyň, 895-i Siriýanyň demirgazygynda bolmak bilen jemi 1763 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.