Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Mahmud we Efiopiýanyň Premýer ministri Abiý Ahmed Ankara tapgyryndan soň ilkinji gezek Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abeba şäherinde duşuşyk geçirdiler.
Duşuşykdan soň berilen bilelikdäki ýazmaça beýanatda, ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň üsti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary "Ýaňadandan dikeltmek we ösdürmek" barada karara gelinendigi habar berildi.
Liderler sebitleýin durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, birek-birege ynam we hormat goýmak esasynda berk hyzmatdaşlyk bilen berkitmelidigini aýtdylar.
Somali 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Efiopiýanyň Mogadişu şäherindäki ilçisini ýurtdan çykarypdy, mundan başgada Somalilendiň Hargeisa we Puntlandyň Garowe şäherlerindäki konsullyklarynyň ýapylmagyny isläpdi.