Somali-Efiopiýa Gepleşikleri Ankarada Başlaýar

Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde Somali bilen Efiopiýanyň wekilleri şu gün Ankarada duşuşýar

Türkiýe, Afrikadaky syýasy, ykdysady we gumanitar işler bilen birlikde sebitdäki kynçylyklaryň çözülmegine goşant goşýar.

Afrikada iki goňşy ýurt Efiopiýa bilen Somaliniň ýolbaşçylary düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin ýene-de bir gezek paýtagt Ankarada duşuşýar.

Efiopiýa bilen Somala degişli Somalilandyň arasynda baglaşylan şertnama dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolupdy.

Prezident R. T. Erdoganyň tagallasy bilen Türkiýe, Somali bilen Efiopiýanyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin töwellaçy boldy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, efiopiýaly we somalili kärdeşleri bilen 2024-nji ýylyň iýul aýynda Ankarada duşuşdy.

Ankaradaky gepleşiklerden soň 3-nji awgustda Daşary işler ministri Hakan Fidan Efiopiýada saparda boldy.

Fidan, Premýer-ministri Abiý Ahmed bilen duşuşdy we Somalide möhüm duşuşyklar geçirdi.

Geçirlen gepleşiklerden soň ikinji tapgyr gepleşikler şu gün Ankarada geçirler.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
Prezident Erdogan, Somalili Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Hakan Fidan, Efiopiýaly we Somalili Kärdeşleri Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan Somaliniň prezidenti Mahmud bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň daşary işler ministri Efiopiýa sapar gurar