Soltan zynjyrynyň restoranlary Aşgabadyň ähli etraplarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir

Soltan zynjyrynyň restoranlary Aşgabadyň ähli etraplarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir

Günüň ýa-da iş hepdesiniň ahyrynda köp adamlar agşamlaryny dostlary ýa-da maşgalasy bilen gowy aşhanasy bolan rahat restoranda geçirmegi makul bilýärler.Ol ýa-da beýleki restoran ýokary hilli hyzmatyndan we lezzetli tagamlaryndan başga-da, köplenç, ýerleşýän ýerine görä saýlanýar.

Hemmeler göwnüne ýarasa-da, şäheriň beýleki künjünde ýa-da şäherden daşda ýerleşýän restoranyna gitmek islemeýärler.Aşgabatdaky Soltan zynjyrynyň ýedi sany restorany şäheriň dürli ýerlerinde ýerleşýär we şonuň üçin paýtagtyň islendik etrabynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir.

Aşgabadyň taryhy merkeziniň we Parahat kiçi etrapçalarynyň ýaşaýjylary Parahat-4 ýaşaýyş toplumynda Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän Soltan restoranyna ýa-da bu zynjyryň meşhur Berkarar söwda-dynç alyş merkezindäki restoranlaryna barmagy makul görýändirler. Şäheriň günbatar böleginde, Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda, Aşgabat söwda merkezinde hem Soltan restorany hereket edýär.

Türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde ýaşaýanlar üçin G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köçesindäki Soltan restorany iň amatlysydyr. 30-njy kiçi etrapça, Köşi we Gurtly ýaşaýyş toplumlaryna iň ýakyn ýerleşýäni Gül Zemin söwda-dynç alyş merkezindäki restorandyr.

Şeýlelik bilen, Aşgabat şäheriniň islendik etraplarynyň ýaşaýjylary özleri üçin iň amatly ýerleşýän Soltan zynjyrynyň restoranyny saýlap bilerler.

Soltan restoranlarynda elmydama Türkmenistanda meşhur bolan türk aşhanasynyň tagamlarynyň baý görnüşleri hödürlenýär. Olarda diňe bir agşamy geçirmek däl, eýsem, dürli maşgala ýa-da köpçülikleýin dabaralary hem guramak mümkindir.

Soltan restoranlarynyň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary:

- Berkarar SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefonlar: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;

- Berkarar SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefonlar: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;

- Berkarar SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;

- Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefonlar: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;

- Magtymguly şaýoly, 217, Gül Zemin SDAM, 3-nji gat, D 09. Telefonlar: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;

- Aşgabat SDAM, 3-nji gat, C-3.24. Telefonlar: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;

- G.Kuliýew (Obýezdnaýa), 72-nji jaý, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Soltan restoranlar zynjyry: Aşgabatda ertirlik nahary bilen günüň iň gowy başlangyjy
Soltan restoranlary täze türk naharlaryny eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Soltan: datly türk aşhanasy siziň öýüňizde
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Soltan restoranlary fastfud görnüşine degişli hemişe ter we tagamly naharlary hödürleýärler
Soltan restoranlar zynjyry doýuryjy we tagamly ertirlik naharyna çagyrýar