Soltan Alp Arslanyň Ýiten Gubyry Merw Şäherinde

Rim imperatory Romen Diogeniň goşunlaryny Malazgirt söweşinde ýeňip, 1071-nji ýylda Anadolyny türkmenlere açan Alp Arslanyň gubyrynyň ýeri 800 ýyldan gowrak wagt bäri näbelli bolmagynda galýar.

Türk we türkmen alymlary Alp Arslanyň gubyrynyň tapylmagynyň beýik sultana wepadarlyk borjy bolandygyny beýan edýärler.

TRT Soltan Alp Arslanyň gubyrynyň ýerleşýän ýeridir diýip çaklanylýan giňişligi ýazga aldy.

Anadolyny türkmenlere açan Beýik Soltan Alp Arslan 1072-nji ýylda Merwe getirlen gala serkerdesiniň janyna kast etmegi sebäpli şehit bolýar. Wesýetine laýyklykda jesedi Seljuk döwletiniň paýtagty Merwde kakasynyň ýanyna jaýlanýar. 1221-nji ýylda mangol hüjümlerinde zyýan çekmezligi üçin göçürlen gubyr, soň ýitýär.

Taryhy Merw şäheriniň ylmy toparynyň Baş hünärmeni Annaýew Akmuhammet taryhy Merw şäheri hakynda möhüm maglumatlar berdi.

Annaýew Akmuhammet özi bilen geçirlen söhbetdeşikde: “Soltanlaryň kalby atlandyrylýan Merw şäherinde Andolynyň zabt edijisi Al Arslanyň gubyrynyň ýerleşýändigi bilinýär. 800 ýyldan gowrak wagt bäri ýeri näbelli bolan Alp Arslanyň gubyrynyň Soltan Sanjaryň kaşaň türbediniň ýanyndaky şu taryhy topragyň aşagyndadygy çaklanylýar. Türk we türmen bilermenleri Alp Arslanyň gubyrynyň tapylmagy üçin arheologik gazuw-agtaryş işleriniň başlamagyny umyt edýärler” diýdi.

Ululygy üç futbol meýdançasyna barabar bolan meýdanda ýerleşýändigi çaklanylýan metjit, mongol hüjümlerinde ýykylýar we häzirki wagtda üstünde 10-13 metr galyňlygynda toprak bar.

Ady türkmen we türk taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Anadolynyň zabt edijisi Alp Arslanyň gubyrynyň tapylmagy üçin Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gol çekişilen we TİKA tarapyndan goldanýan teswirnama bar.

Ýene degişli makalalar

Seljukly Döwletiniň hökümdary Soltan Sanjar
ABŞ Türkmen Gazynyň Türkiýä Akdyrylmagyny Goldaýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TOHI-de Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VI internet ders bäsleşigi geçirildi
Daşary ýurtda okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur galýan talyplar 'kemsitmelere sezewar bolýar'
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany