Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols 24-nji fewraldan bäri Ukraina garşy söweş alyp barýan Russiýanyň halkara hukugy biperwaýlyk bilen bozmagynyň gynandyryjydygyny beýan etdi.
Olaf Şols “Fokus” žurnalyna beren beýanatynda; “Söweş Ýewropa dolanyp geldi. Goňşusyndan ýer almak isleýän Russiýanyň hökümetiniň halkara hukuk kadalaryny biperwaýlyk bilen bozmağy gynandyryjy” diýdi.
Ýewropada döwletleriň birek-birek bilen aldym-berdimli söweşen döwürlerinde bolşy ýaly Russiýanyň territoriýasyny güýç bilen giňeltmäge çalyşýandygyny beýan eden Şols, söweşiň we imperializmiň Ýewropa dolanyp gelendigini beýan etdi.
Ukrainadaky söweşiň Moskwada meýilleşdirilenden iňňän tapawutlydygynyna ünsi çeken Şols; “Russiýanyň hem bu agyr şertlerden çykylga gözlejek wagty geler. Goşunyň yza çelilmegi möhüm ähmiýete eýedir” diýdi.