Şols Germaniýanyň Russiýa-Ukraina Urşunda Tarap Tutmajakdygyny Beýan Etdi

Şols Germaniýanyň Russiýa-Ukraina Urşunda Tarap Tutmajakdygyny Beýan Etdi

Olaf Şols Federal Mejlisde halk wekilleriniň gün-tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Çepçi partiýanyň halk deputaty Gizene Lýutçyň “Soňky saýlaw kampaniýasynda afyşalarda özňizi “parahatçylygyň kansleri” hökmünde tanyşdyrdyňyz. Şol möhletde Germaniýada Ukraina berilen ýaraglardan Russiýa od açylmagyna rugsat berdiňiz. Ol diňe bir çaprazlyk däl, şol bir wagtda-da howply. Halkymyza Germaniýanyň uruşda tarap tutmajakdygyny kepillendirýäňizmi?” diýlen soragyna Şols; Hawa, şeýle kepillik berýärin” diýip jogap berdi.

Şols, Russiýa-Ukraina urşunda hüjümleriň nähili bes ediljekdigi bilen bagly soraga bolsa; “Meniň pikirimçe Ukrainanyň boýun egmegine esaslanýan ylalaşyk, Germaniýanyň goldaýan ylalaşygy däl” diýip, jogap berdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ykraina bilen 2022-nji ýyldan bäri dowam edýän urşy bes etme niýetiniň ýokdugyny hem beýan etdi.

Putin 14-nji iýunda “Ukrainanyň harby birikmelerini Doneskden, Luhansdan, Hersondan we Zaporožýeden çekme we NATO agzalyk isleginden el çeken halatynda Kiýew bilen gepleşiklere başlap biljekdiklerini” beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?
Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Rus Goşuny Annowka Etrabyny Ele Geçirdi