
Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols 2025-nji ýylda ýurduň Hökümet başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmak meýli barada beýanat berdi diýip, MIR 24 ýazýar.
Onuň: Kansler bolmak bilen, ýene-de Kansler bolmak üçin saýlawlara gatnaşmakçy diýip, däp bolup gelýän tomusky metbugat maslahatynda aýdan sözlerini RIA Nowosti getirýär.
Öň Şols Germaniýanyň Sosial-demokratlar partiýasynyň we dolandyryjy koalisiýasynyň pes reýtingine, şeýle-de partiýanyň Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşiklerden we Germaniýa üçin saýlamak partiýasyndan ýeňlip Ýewropa parlamentine saýlawlarda şowsuzlyga uçramagyna garamazdan, şeýle islegi barada birnäçe gezek habar beripdi.