Sözi manysy bilen öwreneliň!

Nakylyň birinji böleginde jemgyýetdäki özara gatnaşyklarda esasy orny eýeleýän edep barada söz açylýar.Edep adamy bezeýän, adamkärçilik mertebesini ýüze çykarýan esasy alamat bolup, her bir ynsan öz edep-ekramyny görkezmek arkaly kimdigini äşgär edýär.

Adamy ýakyndan tanamak üçin ilki bilen onuň edebini öwrenmeli.Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde: Edep edep-ekram, terbiýe, tertip-düzgün diýlip kesgitleme berilýär.Türkmençilikde salamly bolmak, ulyny-kiçini sylamak, ata-enä hormat goýmak, Watany söýmek edebiň başy hasaplanýar.

Ata-babalarymyzyň miras goýan durmuş kadalaryny endik edinen adam edepli hasaplanýar.

Nakylyň ikinji böleginde adamyň edebinden tanalyşy ýaly, ýurduň hem tugundan tanalýandygy beýan edilýär.Tug ýurduň iň esasy nyşanlarynyň biri bolup, her bir halk bu gymmatlygyna öz milli aýratynlyklaryny we ruhy äheňlerini siňdiripdir.

Islendik ýurdy tanamak üçin ilki bilen onuň parlap duran baýdagyna seredilýär.Baýdagyndaky alamatlary synlamak arkaly şol ýurt barada umumy düşünje emele gelýär.Baýdak halkyň göz-guwanjy bolup, bu gymmatlygyň ýokarda parlap durmagy ýurduň agzybirliginden we asudalygyndan habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Nakyllara öwrülen şygyrlar
Täze sahnalaşdyrylan sirk çykyşlary
Gyrgyzystanyň Hökümet başlygy Žaparow iş başyndan gitdi
Marytelekom WEAK-da Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak atly maslahat geçirildi
Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi
USAID-iň YDA taslamasy Mary şäherinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady