“Söýgi we kepderiler” gaýtadan prokata goýberiler

“Söýgi we kepderiler” gaýtadan prokata goýberiler

Rus kinorežissýory Wladimir Menşowyň “Söýgi we kepderiler” (Любовь и голуби) atly komediýasy 21-nji aprelden başlap, Russiýanyň kinoteatrlarynda gaýtadan görkeziler, bu barada “Mosfilm” kinostudiýasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, “Izwestiýa” ýazýar.

Habarda gaýtadan ekranlara goýberilmezden öň filmiň sesiniň we reňkleriniň gowulandyryljakdygy aýdylýar.

Film 1984-nji ýylda Wladimir Gurkiniň adybir pýesasy esasynda surata düşürildi. Onda baş gahryman — kepderi köpeltmek bilen meşgullanýan Wasiliý ilkinji gezek deňze dynç almaga gidýär we ol ýerde bir zenan bilen tanşyp, maşgalasyny terk edýär. Emma ol soňra maşgalasyny küýsäp başlaýar.

Filmde Lýudmila Gurçenko, Nina Doroşina, Aleksandr Mihaýlow, Sergeý Ýurskiý ýaly görnükli rus aktýorlary surata düşdüler.

Öň rus kinoteatrlarynda “Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär” (Иван Васильевич меняет профессию), “Gulluk romany” (Служебный роман), “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” (Москва слезам не верит) ýaly meşhur filmler gaýtadan görkezildi.

18-nji martda “Mosfilm” konserni çeper filmleriň 12-sini gaýtadan prokata goýbermegi teklip etdi, olaryň ählisi-de ses we şekil taýdan abatlandy.

Öň dünýäniň Warner Bros., Paramount, Universal we Disney studiýalary öz filmlerini rus prokatynda görkezmekden ýüz öwürýändigini yglan edipdiler.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Disney we Sony rus prokatyna deňeçer importyň ýoly bilen dolanmak isleýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
A.Badak: Iki halkyň edebi gatnaşyklary berkeýär