Şenbe güni agşam nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestriniň konserti üstünlikli geçdi.Aşyklaryň ählisi golaýda keramatly Walentin Gününi belläpdiler, elbetde, bu konsertem aşyk-magşuklara bagyşlandy. Şol sebäplem konsertiň her çykyşynda şahyrana duýgylar möwç urýardy...
Irde-giçde aşyk bolan bolsaňyz, diýmek konsert siziň üçindir - konserti alyp baryjy aktýorlar Wasiliý Andronowyň we Anuş Potaragyň şahyrana girişi, ine, şu sözler bilen başlandy. Ähli zat söýgüden başlanýar..
Diýdiler: Ilkibaşda söz inipdir äleme.Men bolsa jar edýän ýene - Ähli zat başlanýar söýgüden...Konsert Robert Roždestwenskiniň şeýle ýürege ýakyn sözleri bilen başlandy.Soňra Arwah, Leon, Gyş tangosy, Karnawal ýaly belli kinofilmlere ýazylan sazlar ýaňlandy.
Ed Şiranyň meşhur Perfekt adymyny Aleksandr Koçetow bilen Nury Nuryýew bilelikde özboluşly ýerine ýetirdiler.Olaryň ilkinji bilelikdäki çykyşyna diňleýjiler ýokary baha berdiler. Çary Nurymowyň Söýgi hakda aýdymyny Leýli Ökdirowa hoş owazda aýdyp, tomaşaçylaryň alkyşyny gazandy.
Ol Nury Nuryýew bilen bilelikde bolsa Sen elmydama meniň ýanymda aýdymyny ýerine ýetirdi. Üýtgeşik jaz owazly Maýsa Nyýazowa fransuz, iňlis we ispan dillerinde meşhur Mireý Matýeniň repertuaryndan aýdymlary aýtdy. Ýusup Ismaýylowyň gitarada çalan ajaýyp sazlary aýdym-saz agşamyna aýratyn röwüş berdi.
Belli tansçylar Aleksandr Sisekin we Waleriýa Nepomnýaşşaýa çeper hem metaforaly tans dili, çeýe hereketleri bilen inçe duýgylary beýan etdiler.Swetlana Çertsowa Arlekinonyň keşbi arkaly Lýudwig wan Bethoweniň Aý yşkynda sonatasynda beýan edilýän yşk hasratydyr hyjuwyny diňleýjilere ýetirdi, kompozitor bu eserini öz söýgüsine jogap bermedik Julýetta Gwiççardi diýen zenana bagyşlapdyr.
Söhbetdeşlerimiz özünde galan täsirleri gysgaça şeýle beýan etdiler.Sähra Myradowa, ýaş ene: -Resul Gylyjow ýene-de köňlümizi joşduryp, ýürekleri heýjana getirdi.Men kärine ussat Gylyjowyň guraýan konsertlerini sypdyrmajak bolýaryn, olaryň her biri üýtgeşik waka bolup hakydaňda galýar, sazlaşygyň we döredijigiň syryna aralaşmak duýgusyny döredýär.
Konserte uýam bilen geldim, olam edil meniň ýaly agşamdan uly lezzet aldy.Lýubow Osipowna Kaşirskaýa, pensioner: -Resul Gylyjowa we onuň sazandalaryna söýgi temasyny zehinli we üýtgeşik beýan edendikleri üçin ummasyz minnetdarlyk bildiresim gelýär.
Olar ýene-de meniň ynamymy ödediler.Köňül joşdurýan we ýagşylga gaşarylýan baharyň öň ýanynda konsertden ýüregimde ýakymly duýgylar döredi.Alýona Arbatowa, iňlis dili mugallymy: -Bu günki konsert ýüregimi joşdurdy, dogrusy, başgaça bolaram öýtmeýärdim.
Men Resul Gylyjowyň we onuň orkestriniň sazandalarynyň, şeýle hem Tahyr Ataýewiň, Röwşen Nepesowyň, Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk ussatlygynyň muşdagy.Men olaryň döredijiliginiň çäginiň giňligine, inçe saz duýgurlygyna we tilsim duýuşlaryna sarpa goýýaryn.