Söwda toplumynyň mümkinçilikleri baýramçylyk sergisinde beýanyny tapýar

Söwda toplumynyň mümkinçilikleri baýramçylyk sergisinde beýanyny tapýar

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady.Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary astynda geçirilýän şanly ýylda giňden dabaralandyrylan Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan sergini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Döwlet haryt çig-mal biržasy, Dokma senagaty ministrligi, Türkmenhaly döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda senagat edarasy bilelikde gurady.

Oňa degişli ministrlikler, döwlet edaralary bilen birlikde, meşhur önüm öndürijiler, telekeçiler we iri kompaniýalar gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda her ýylda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi we halkara maslahaty, şeýle-de şanly senä bagyşlanan sergi geçirilýär.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly toýlanjak ýylynda bu çärelere aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we Gözellik nusgasy — türkmen halysy atly halkara maslahatyň hem-de ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Dabaraly ýagdaýda açylan baýramçylyk sergisi köp adamly boldy.Oňa gatnaşyjy myhmanlar sergi zallaryna aýlanyp, söwda toplumynyň ösüşini açyp görkezýän giň göwrümli sergi bilen ýakyndan tanyşdylar.Türkmeniň nepis sungaty bolan halyçylygyň ösüşi, dokma senagatynyň ýeten belent derejesi sergide buýsançly beýanyny tapýar.

Arkadagly döwrümizde halylarymyza, halyçylygyň ösüşine we nepis sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna uly üns berilýär.Halylarymyzyň şanyna uludan toýuň toýlanylmagy, döwrebap halyçylyk kärhanalarynyň gurulmagy hem gadymy senedimiziň dünýädäki meşhurlygynyň has-da artmagyna özboluşly şert döredýär.

Ajaýyp toýuň öňüsyrasynda welaýatymyzda Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bolsa, bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr.

Serginiň bölümlerinde Watanymyzyň sebitlerinde hereket edýän, öňdebaryjy we ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen pagta egriji fabrikleriň we çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümleri çykarmaga çenli ähli işleri ýerine ýetirýän dokma toplumlarynyň, dokma, tikinçilik fabrikleriniň we ýüpekçilik kärhanalarynyň mümkinçilikleri, şeýle-de olaryň öndürýän dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dokma önümleri hem görkezilýär.

Sergä gelýänler ekologiýa taýdan arassa çig maldan taýýarlanan ýokary hilli lybaslara uly gyzyklanma bildirýärler.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: sergiden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30178

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanda el iş önümlerini eksport emek boýunça maksatnama işe girizilýär
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi