Söwda Ministri Ömer Bolat Yrakda Saparda Bolýar

Söwda Ministri Ömer Bolat Yrakda Saparda Bolýar

Söwda ministri Ömer Bolat Yraga guraýan resmi saparyny dowam etdirýär.

Ministr Bolat, Yragyň Söwda ministri Atir Al Gireýri bilen duşuşdy.

Ministr Bolat sapary hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ýurdumyzyň söwda taýdan esasy hyzmatdaşy, dost we goňşy ýurt Yragyň paýtagty Bagdatda saparda bolýarys.Saparymyzyň çäginde kärdeşim Yragyň Söwda ministri Atir Al Gireýri bilen duşuşdyk.

Duşuşykda özara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri, iki taraply maýa goýumlar we Galkynyş ýoly taslamasy hakynda pikir alyşdyk. Ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagyna şert döredýän Türkiýe-Yrak mehanizminiň ilkinji maslahatynyň dekabr aýynda Stambul şäherinde geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazandyk" diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türki dünýäniň ýatdan çykmajak gahrymanlaryndan biri bolan Yrak türkmenlerinden Neždet Koçak
Eýranyň Prezidentini Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Yraga Guraýar
Şweýsariýa 33 Ýyl Soň Yrakdaky Ilçihanasyny Açdy
Stambulda Täze ýyl uly şowhun bilen garşylandy
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Yrak döwletine sapar gurady