Söwda Ministri Mehmet Muş Yrakda Saparda Bolar

Söwda Ministri Mehmet Muş Yrakda Saparda Bolar

Söwda ministri Mehmet Muş sentýabr aýynyň 25-26-sy aralygynda Yrakda saparda bolar

Ministr Muş ertir başlajak saparynyň çäginde ilki paýtagt Bagdatda barar we Yragyň Ulaglar ministri Nasyr Hüseýin Bende Aş Şibli bilen duşuşar.

Bagdatdan soň Erbile barjak Muş, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani we Premýer ministri Mesrur Barzani bilen duşuşar.

Türkiýeli we yrakly işewür adamlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Türkiýe-Yrak Işewürler maslahatyna gatnaşjak Muş, Yrak Türkmen frontonyň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Aýdyn Maruf bilen hem duşuşar.

Ministr Muşyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Ministr Muşyň saparynyň gün tertibinde, Türk firmalarynyň Yrakda başdan geçirilýän kynçylyklarynyň çözülmegi meselesi hem esasy orun eýeleýär.

Iki aýda ikinji gezek Yraga sapar gurajak Muş, 18-nji awgustda Bagdada guran saparynyň çägin Yragyň Prezidenti Berhem Salih, Premýer ministri Mustafa Al Kazymi, kardeşi Ala Al Juburi we Ulaglar ministri Aş Şibli bilen duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

Terror Guramasy PKK Biziň Üçün we Resmi Bagdat Üçin Uly Dert
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Bagdadyň iň uly bazarlarynyň birinde ýangyn boldy
Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri
Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür