Söwda Ministri Bolat, Britaniýaly Kärdeşi Bilen Wideo Aragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

Söwda Ministri Bolat, Britaniýaly Kärdeşi Bilen Wideo Aragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

Söwda ministri Ömer Bolat, Britaniýanyň söwdadan jogapkär täze Döwlet ministri we Söwda geňeşiniň başlygy Jonatan Reýnolds bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Bolat, duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, duşuşygyň netijeli geçendigine ünsi çekdi.

Ministr Bolat, “Duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagy, maýa goýumlaryň höweslendirilmegi we hyzmatdaşlygyň has-da güýçlendirilmegi boýunça pikir alyşdyk. Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky erkin söwda şertnamasynyň gaýtadan seljerilmegi etaby hakynda pikir alyşdyk. 2024-nji ýylda özara söwda mukdaryny 20 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris.”diýip belledi.

Ministr Bolat, ministr Jonatan Reýnoldsa täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi
16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
Türkmenistanyň kazyýetleri şaýatlary wideoaragatnaşyk arkaly sorag edip bilerler, Awazada dynç almak üçin rugsatnamany onlaýn görnüşde almak mümkinçiligi döredildi, ýakyn günlerde Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ýurdumyza getiriler we beýleki
Ilon Maskyň Starlink hemra internetini uçarlarda synag edip ugradylar