Şöhratly taryhyň şaly mirasy

Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda türkmen halky dünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşupdyr.Olardan iň naýbaşylarynyň biri ady rowaýata öwrülen türkmen bedewi hasaplanýar.Bedew türkmen üçin toýda şatlygyny, ýasda gam-gussasyny çekişýän dost, söweşlerde egin-egne beren arkadaýanç hasaplanýar.

Nesilbaşymyz Oguz han döwründen aslyny alyp gaýdýan atlarymyz gadyr-gymmatyny saklap, adyny äleme ýaýypdyr.Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda berkarar döwletler guran ata-babalarymyzyň Watanyň çägine ýowuz duşman aralaşsa kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan türkmen bedewiniň ýyndamlykda, owadanlykda, kuwwatlylykda, uzak ýörişlere çydamlylykda müňlerçe ýyllaryň dowamynda deňi-taýy bolmandyr.

Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe ynsan durmuşynda aýratyn ornuň degişlidigini äşgär edýän köp sanly maglumatlar bar.Müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň döwrümize gelip ýeten gadymy türkmen teňňeleri, atlaryň we çapyksuwarlaryň şekilleri, olaryň ajaýyp sazlaşygyny beýan edýän senetçilik önümleri munuň aýdyň subutnamalarydyr. “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” şadessanlarynda bedewiň waspy, onuň şöhraty has-da giňden beýan edilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen “Görogly” dessançylyk sungatynda seýisçilik ýörite bir hünär hökmünde görülýär.

Eserde Göroglynyň wepaly dosty Gyratyna bolan hormat-sarpa ýugrulan gatnaşygynyň beýany eriş-argaç bolup geçýär.Köp sanly nusgawy şahyrlar belent ruha beslenen eserlerini, suratkeşler ajaýyp suratlaryny, heýkeltaraşlar heýkellerini, zergärler nepis şaý-seplerini “behişdi bedewlere” bagyşlapdyrlar.

Halkymyzda “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen pähim bar. Bu parasatly jümläniň üsti bilen türkmeniň iň eziz görýän jandarynyň bedewdigine göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.Amyderýanyň ýakasyndan tapylan köp sanly gadymy mirasyň hazynalarynda atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär.

Goňurdepedäki Şa aramgähinde, Murgabyň gadymy akymynyň boýunda tapylan bürünç enjamly araba galyndylary, eýerli atyň daş heýkeljikleri, çapyksuwarlary hatara duruzmak üçin ulanylan tüýdükler taryh üçin örän täsirli tapyndylar hasaplanýar.

VIII asyryň arap taryhçysy Al-Jahiz: “Bedewe atlanan türkmen özüni tutuş topragyň üstündäkiden hem artykmaç saýýar” diýip ýazýar. VIII-Х asyrlarda Bagdat şalarynyň şahsy goşunynda türkmen atlylarynyň gulluk edendigi barada taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Şeýle hem, pederlerimiziň dünýäniň çar künjeginde ägirt uly döwletleri döretmeginde hem kuwwatly we örän çydamly türkmen bedewleriniň aýratyn orny bardyr.

XII asyrda wenesiýaly jahankeşde Marko Polo häzirki Eýranyň demirgazyk welaýatlary bilen serhetleşýän künjeklerde belent başly ajaýyp atlaryň ösdürilip ýetişdirilýändigini we olaryň bahasynyň örän gymmatdygyny belläpdir. ХV asyrda bolsa belli rus syýahatçysy Afanasiý Nikitin özüniň “Üç derýanyň aňyrsyna ýöriş” atly eserinde türkmen ýaýlasynda gymmat baha berlip satyn alnan adaty bolmadyk taýçanak hakynda gürrüň berýär.

Wengriýaly syýahatçy A.Wamberi 1863-nji ýylda türkmen topragynda bolanynda ajaýyp türkmen bedewleri, olaryň owadanlygy hem-de atlaryň ýerli ilat üçin ähmiýeti hem-de bedewleriň juda ýyndamlygy, çydamlylygy hakynda öz işlerinde nygtap geçipdir.

ХХ asyryň başlarynda türkmen bedewleri Russiýanyň we Ýewropanyň şäherlerindäki sergilerde peýda bolýarlar.Olar tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip, örän uly täsir galdyrypdyr.Professor M.I.Pridoroginiň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri buýsançly galkynyşyň aýdyň duýgusydyr.

Eger kimde-kim ahalteke atyny gören bolsa, onda ol, hakykatdan-da, ajaýyp gözellikden lezzet alandyr. 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat − Moskwa atly ýörişi türkmen bedewleriniň adatdan daşary çydamlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýörişde bedewlere atlanan türkmen çapyksuwarlary 84 günüň dowamynda 4300 kilometr ýol geçdiler.Onuň 350 kilometri bolsa ümmülmez Garagum sährasynyň üstünden geçdi.

Häzirki wagtda atçylyk pudagy hakyky rowaçlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda arassa ganly bedewleriň baş sanyny köpeltmek, atçylyk sportunyň görnüşlerini ösdürmek we at çapyşyklarynyň milli däplerini wagyz etmek babatda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde tutuş ýurdumyz boýunça türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenilýär.Bedew halkymyzyň aňynda arzuwlaryň amala aşmagynyň, maksada okgunlylygyň we ýeňşe bolan mizemez erkiň nyşany bolup durýar.

Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi ýurdumyzyň nurana keşbini, beýik ýeňişlere we rowaçlyklara okgunlylygyny özünde jemlemek bilen özgerişleriň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýany bolup durýar.

Azat Omadow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Ýene degişli makalalar

At üstündäki milli oýunlar
Fuat Köprüli,türki dünýä boýunça ylmy-barlaglarda täze gözýetim açan alym, ýazyjy, syýasatçy...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi