Şöhläniň boşlukdaky tizligi sekuntda 300 müň kilometre barabar. Has takygy 299 792 458 metr/sekunt. Ähli elektromagnit tolkunlaryň tizligi hem şuňa barabar. Şöhle dury maddalaryň içinden geçeninde, tizligi azda-kände peselýär. Şeýle hem aýna ýaly dury maddalar şöhläni döwýär.
Reňkleriň emele gelmegi hem ýagtylyk bilen bagly. Ýagtylyk çeşmesinden gelýän şöhle haýsydyr bir zada degip, döwlenden soňra biziň gözümize degmegi netijesinde, biz şol zady görüp bilýäris. Madda haýsy reňkdäki şöhläni yzyna serpikdirýän bolsa, bize şol reňkde görünýär. Ýeriň tebigy ýagtylyk çeşmesi bolan Günüň ýagtylygynda ähli reňkli şöhle bar. Emeli ýagtylyk çeşmelerinde käbir reňkli şöhleler bolmaýar.
Şöhläniň käbiri bize görünmeýär. 1800-nji ýylda iňlis astronomy Wilýam Herşel göze görünmeýän infragyzyl şöhläni tapýar. Ol Gün şöhlesini bir prizmadan geçirip, gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, gök, goýy gök we melewşe reňkleriň gyzgynlygyny aýratynlykda ölçeýän wagty gyzyl reňkiň aňrysynda hem temperaturanyň ýokary galandygyny görýär. Şeýlelikde, adamyň gözüniň görmeýän reňkiniň bardygy ilkinji gezek tötänleýin ýüze çykarylýar.
Ýagtylyk çeşmesinden çykan şöhle göni ýaýraýar. Haýsydyr bir dury madda degeninde bolsa döwülýär. Eýsem, şöhläni döwmän, epläp bolarmyka?
Şöhläni eplemek arkaly islendik tarapa ugrukdyryp bolýar. Muny kiçijik tejribe arkaly özüňiz hem barlap bilersiňiz. Munuň üçin plastik gap, suw we lazer çyrasy gerek.
Plastik gabyň bir tarapyny deşiň!Deşik ýerini eliňiz bilen tutup, içine suw guýuň!Soňra gabyň beýleki tarapyndan deşige göneldip, lazer çyrasyny tutuň!Deşigi ýapýan eliňizi aýyryň! Çyranyň yşygy içi suwly plastik gapdan göni geçmän, suwuň ugry bilen aşaklygyna akar.
Akýan suwa eliňizi tutanyňyzda çyranyň ýagtylygynyň eliňize düşýändigini görersiňiz.Bu ýerde şöhle akýan suwuň diwarlaryna degip yzyna serpikýär. Şol sebäpli hem şöhle edil turbanyň içinden barýan ýaly suwuň ugry bilen hereket edýär.
Bu tejribäni ulularyň kömegi bilen geçirmelidigini unutmaň!
The post Şöhläni epläp bolarmy? appeared first on Zaman Türkmenistan.