Söhbediň aýdymy bilen adygan

Şu ýylyň maý aýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginde uruş döwrüniň wakasyny beýan edýän Daragt atly çeper film surata düşürilip, mawy ekran arkaly halk köpçüligine görkezildi. Şol filmde baş gahryman Ýakubyň kakasy Kadyr aganyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow bilen söhbetdeş bolup, okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Muhammetguly mugallym, söhbetdeşligimiziň başyny sungat älemine gelşiňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň?

Meniň kakam Orazgeldi Kasymow hem sungat adamsy, onuň asyl käri suratkeş.Ol çeken suratlaryny sergilerde görkezip sylaglara mynasyp bolan, şonuň ýaly hem kakam ökde sazandady, dutar çalyp, aýdym aýdardy.

Men entek ýaňy mekdebe gatnap başlan döwürlerim, öýümize döredijilik adamlary köp gelerdiler, kakam bilen döredijilik söhbedini ederdiler.Türkmenistanyň halk artisti Hajy Annamämmedow kakamyň ýakyn dostudy. Şahyr Gurbannazar Ezizow, ýazyjy Aşyrberdi Kürt, kompozitor Nury Halmämmedow, suratkeş Şajan Akmuhammedow dagy bize myhmançylyga gelerdiler, men hem şolaryň ýanynda oturyp, gyzykly gürrüňlerini diňlärdim.

Kakam teatra baryp, sahna oýunlaryna tomaşa etmegi gowy görerdi, ol meni hem ýany bilen alyp giderdi.Ol, esasan, öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda, öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda sahnalaşdyrylan oýunlary gowy görerdi.

Kakam maňa dutar çalmagy öwrederdi, toýa gidende meni ýanyndan goýmazdy.Toýlarda kakamyň dutarda çalýan sazlaryny, aýdýan aýdymlaryny hezil edip diňlärdiler.Aýdym-saza ýykgyn etmegim aýdym-saz sapagynda maňa uly kömek berýärdi. Şol döwürler radioda Aýna bilen Söhbet hakynda düzülen radiooýun giderdi.

Men şonda Söhbediň keşbinde çykyş edäýsem diýip höwes ederdim.Mawy ekran arkaly berilýän filmlere tomaşa ederdim, şolaryň täsiri netijesinde bolsa, mekdebimizde hereket edýän drama gurnagyna-da gatnaşardym.Mekdebiň soňky synpynda okaýarkam etraplaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz ýaryşlaryna-da gatnaşýardym. Şol ýaryşlaryň birinde maňa Agam gelmedi diýen aýdymy aýdanym üçin Ýalynly ýyllaryň ýatlamasy atly kitaby sowgat berdiler. 10-njy synpda okaýarkam kakam meni dosty Hajy Annamämmedowyň ýanyna äkidip Meniň ogluma-da öz käriňi öwret diýdi.

Mekdebi tamamlanymdan soň, kakam bilen Aşgabada gaýtdyk, Medeniýet ministrligine baryp Moskwada aktýorlary taýýarlaýan okuwyň ýagdaýy bilen gyzyklandyk. Şu ýyldan başlap biziň özümizde hem şol okuwa alynýandygyny aýtdylar. Şeýlelikde, 1981-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, öňki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň aktýorlary taýýarlaýan bölümine okuwa girdim.

Ýokary okuw mekdebinde okan wagtyňyz haýsy halypa-mugallymlardan sapak aldyňyz?

Institutda okaýarkak toparymyzyň çeper ýolbaşçysy edip Hajy Annamämmedowy bellediler. Şonuň ýaly hem bize Ata Alowow, Welmyrat Amanow, Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Nury Allaberdiýew, Çary Işangulyýew ýaly halypa artistler aktýorçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwredip başladylar.

Entek institutyň 3-nji ýyl talyby wagtym maňa halypam Ata Alowow Mollanepes teatrynda sahnalaşdyran Harmandäli atly sahna oýnunda Keremiň keşbini janlandyrmagy ynandy. Şol sahna oýny bilen bolsa döredijilik topary Moskwada çykyş etmeli boldy. Şeýdip meniň sahnada ilkinji çykyşym Moskwanyň teatrynda boldy. 1985-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, zähmet ýoluna gadam basdym.

Ýokary okuw mekdebini tamamlanyňyzdan soň zähmet ýoluna nirede başladyňyz, haýsy keşpleri janlandyrdyňyz?

Meni öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna işe ýolladylar.Bu teatryň sahnasynda maňa Muhammet Çerkezow, Gylyç Berdiýew, Sabyr Ataýewa, Fahriýa Aliýewa, Täçbibi Gafurowa, Ata Alowow, Nurmuhammet Keşşikow, Sona we Suraý Myradowa ýaly halypa artistler bilen bile çykyş etmek bagty miýesser etdi. Şol halypalardan köp zatlary öwrendim.

Bu teatryň sahnasynda ilkinji gezek özbek ýazyjysy Seýit Ahmediň edebi eseri esasynda sahnalaşdyrylan Gelinleriň gozgalaňy atly sahna oýnunda ýedi ogully Permanbibiniň körpe ogly Togtanyň keşbini janlandyrmak meniň paýyma düşdi.

Soňra bolsa Esger atly oglunyň keşbini janlandyrdym.Bulardan başga-da, Oguz oýnunda Ozan begiň, Hindi rowaýatynda Akbarşanyň, Ýediň enesinde Çary dellekçiniň, Galada Däli bagşynyň, Söýüň gara gözlerimde Wepadar hanyň, Bakylyk binýadynda Magtymguly Pyragynyň, Sallahlarda Metdiniň, geçen 2022-nji ýylda bolsa ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylan Magtymguly köňül guşy atly sahna oýnunda Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrmak maňa nesip etdi.

Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde Hesretli söýgi kyssasy atly filmdäki Söhbediň keşbini janlandyryşyňyz barada hem durup geçäýseňiz?

1989-njy ýylda kärdeşim, görnükli artistlerimiziň biri Annamyrat Myradow maňa Telewideniýäniň režissýory Hommat Kakajanow Aýna bilen Söhbet hakyndaky rowaýat esasynda film surata düşürjek bolýar, şoňa-da Söhbediň keşbini janlandyrmak üçin aýdym-sazdan başy çykýan, ýaş artist gerek diýensoň men hem seni salgy beräýdim diýdi. Şondan soň Hommat aganyň ýanyna bardym.

Ol maňa Hany, inim, eliňe dutaryňy alyp, aýdyma hiňlenip ber diýdi.Men hem derrew radionyň üsti bilen ýadymda galan Aýnam-how diýen aýdymyň bir bendini aýdyp berdim.Hommat aga Boldy, seni Söhbediň keşbine kabul etdim diýdi. Şeýdip, kärdeşim Annamyrat Myradow, halypalar Ýagşymyrat Akyýew, Bally Ýakubow, Tylla Ýakubowa, Ata Moşşyýew, Akmyrat Hojaberdiýew dagy bilen bilelikde şol filmde surata düşdük.

Söhbediň keşbini ýerine ýetirmek maňa kyn düşmedi.Sebäbi bu radiooýny diňlänimden bäri bu keşbi ýerine ýetirmegi arzuw edip ýördüm. Şol film tamamlananyndan soň biziň maşgalamyzda ogul perzent dünýä indi.

Biz maşgalam Ejebaý bilen oňa näme at daksakkak diýip otyrkak, ejem maňa ýüzlenip: Oglum, sen ilkinji surata düşen filmiňde aýdym-sazyň aşygy Söhbediň keşbinde çykyş etdiň, ogluň adyna-da sazly-söhbetli bolsun diýip Söhbet dak diýdi. Şeýdip oglumyzyň adyna Söhbet dakdyk.

Ejemiň aýdyşy ýaly, soňlugy bilen oglumyz aýdymçy boldy ötägitdi.Soňra men Türkmenfilm birleşiginde režissýor Ilmyrat Bekmiýewiň Ýyldyzlar öçmeýärler hem-de Garagumuň bürgütleri filmlerinde, şeýle-de Hakyda, Gudrat atly filmlerde çykyş etdim. Şu ýyl bolsa Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginde zehinli kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň surata düşüren Daragt atly filminde baş gahryman Ýakubyň kakasy Kadyr aganyň keşbini janlandyrdym.

Bu film hem halk köpçüligi tarapyndan gowy garşy alyndy.

Şu ýylyň maý aýynda siz Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärlerini, şol sanda teatr sungatynyň ussatlaryny 2022-nji ýyl boýunça sylaglamak dabarasyna gatnaşyp baýraga mynasyp bolduňyz. Baýragyňyz gutly bolsun!

Sag boluň!Hawa, şol dabarada men Iň gowy erkek keşbi 2022 baýragyna mynasyp boldum.Sylag gowşurmak dabarasyna TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň tanymal sungat ussatlary gatnaşdylar.Olaryň türkmen teatr we kino sungaty barada aýdan ýakymly sözleri ykbalyny sungata baglan artist hökmünde buýsanjyma buýsanç goşdy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň sarpalanýan ýurdunda ýaşamak, işlemek uly bagt.Maňa 1996-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at berildi.Watana bolan söýgüsi üçin diýen medal gowşuryldy, şeýle-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy berildi. 2013-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen belent at dakyldy.

Muhammetguly mugallym, häzirki wagtda siz öz käriňiz boýunça geljekki artistlere bilim berýärsiňiz. Şol dogrusynda hem aýdaýsaňyz!

Men 2018-nji ýyldan bäri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň uly mugallymy wezipesinde zähmet çekmek bilen, geljekde artist boljak ýaşlara Aktýoryň ussatlygy dersinden sapak berip gelýärin. Häzirki wagtda meniň okadan talyplarymyň köpüsi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekip, halkymyza medeniýetli hyzmat edip ýörler. Meniň muňa buýsanjymyň çägi ýok.

Halypa, söhbetdeşligimiziň ahyrynda okyjylarymyzy maşgalaňyz bilen hem tanyşdyraýsaňyz?

Meniň bir oglum, iki gyzym bar.Oglum, Türkmenistanyň at gazanan artisti Söhbet Kasymow Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdymçy bolup halkymyza hyzmat edip ýör.Maşgalam, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ejebaý bilen gelnim Şemşat Kasymowalar ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda zähmet çekip ýörler.

Uly gyzym Selbi Meläýewa Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap, türkmen radiosynda gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjy bolup, kiçi gyzym Söýli Kasymowa Türkmen owazy teleradioýaýlymynda alypbaryjy bolup zähmet çekýär.Biziň agzybir, döwletli, sungat maşgalamyzda alty sany agtygymyz bar.

Pursatdan peýdalanyp, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize medeniýet we sungat işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyşlarymyzy aýdýarys.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren

Döwletmyrat Hojaberdiýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, söz binýadyň…
Gülnäz enäniň keşbini döreden Ene
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmenistanda Binýat atly täze film tomaşaçylara görkeziler
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Nasafyň bellige aldyran futbolçylarynyň sanawy