25-nji noýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň SOCAR Döwlet nebit kompaniýasynyň prezidenti Röwşan Nejaf Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Gurbanmämet Elýasow bilen duşuşdy.
SOCAR-yň habar bermegine görä, duşuşykda dürli ugurlarda, şol sanda energetika pudagynda özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändigi nygtaldy we taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösmegine esas döredýän bar bolan hukuk binýady ara alnyp maslahatlaşyldy we Dostluk ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň iki ýurt üçin hem nebitgaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler barada pikir alyşmalar hem boldy.