Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär. Bu barada SOCAR kompaniýasynyň ylym we tehnalogiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Emin Alekperow 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatyň dowamynda SNG.fm onlaýn radiosyna beren söhbetdeşliginde mälim etdi.
“SOCAR-nyň Prezidenti türkmen tarapy bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda tebigy baýlyklary daşamak, şeýle hem Türkmenistanda kompaniýanyň wekilhanasyny açmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu bolsa nebit-gaz we logistika ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem netijeli ösdürmäge mümkinçilik berer” diýip Emin Alekperow söhbetdeşligiň dowamynda aýtdy.
SOCAR kompaniýasynyň Prezidenti Rowşan Najaf “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly häzirki wagta çenli jemi 32 million tonna türkmen nebiti dünýä bazarlaryna eksport edilendigini belläp geçdi.
Doly döwlet eýeçiligindäki milli nebit-gaz kompaniýasy bolan SOCAR 1992-nji ýylda döredilip, onuň edara binasy Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa Hazar deňziniň Azerbaýjan böleginde gury ýerdäki we deňiz ýataklaryndan nebit we tebigy gaz öndürýär.