SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy

SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) sişenbe güni Aşgabatda öz wekilhanasyny açdy. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow özüniň sosial ulgamynda habar berdi.

Açylyş dabarasyna SOCAR kopaniýasynyň Prezidenti Rowşan Najaf, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew gatnaşdylar.

“Türkmenistana iş saparymyzyň çäklerinde biz SOCAR-yň Prezidenti Rowşan Najaf bilen kompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Bu Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga uly ynam bildirýändigimiziň, energetika pudagynda iki ýurt üçin-de özara bähbitleriň gazanylmagyna garaşylýandygynyň alamatydyr” diýip, Mikail Jabbarow belledi.

SOCAR kompaniýasy içerki we daşarky bazar üçin nebiti hem-de gazy gazyp almak, daşamak, gaýtadan işlemek, şeýle hem Azerbaýjanyň senagat toplumlaryny we ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmek bilen meşgullanýar.

Mikail Çingiz ogly Jabbarow sişenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen gelipdi.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy OGT ― 2022 sergisine uly gyzyklanma bildirýär
Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022 atly halkara forumy geçirilýär
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
“SOCAR Trading” Türkmenistanyň nebiti we gazy Halkara maslahatynyň hyzmatdaşy boldy