SNGIZ 441,2 müň tonna golaý nebiti gaýtadan işledi

SNGIZ 441,2 müň tonna golaý nebiti gaýtadan işledi

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) geçen on bir aýyň dowamynda 441,2 müň tonna golaý nebiti gaýtadan işledi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, SNGIZ-de benziniň 224,8 müň tonnadan gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Mundan başga-da, SNGIZ geçen döwürde dizel ýangyjynyň 124,2 müň tonna golaýyny we ýol bitumynyň 29,9 müň tonna golaýyny öndürdi.

2017-nji ýylyň maýynda SNGIZ-de ABŞ-niň we BAE-niň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan katalitik riforming desgasy işe girizildi.

Kärhanada benzini gaýtadan işlemegiň hasabyna ýeňil benzin we suwuklandyrylan gaz ýaly önümler hem öndürilýär. Bu taslama ABŞ-nyň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasy tarapyndan türkmen hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirildi.

2015-nji ýylda zawodyň düzüminde ýyllyk 37.2 müň tonna ýol bitumyny öndürmäge ukyply desga guruldy.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-da wodorod öndürýän desga gurmak meýilleşdirilýär
SNGIZ 24 müň tonna golaý agyr wakuum gazoýlyny eksport etdi
Türkmenistan Hindistanyň goldawy bilen Günorta-Gündogar Aziýa haryt iberip biler
Türkmen telekeçileri Ýewraziýa ýeňil senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
SNGIZ Özbegistana 1,300 tonna ýol bitumyny eksport etdi