Smartfonlara surat boýunça keselleri anyklamak öwrediler

Smartfonlara surat boýunça keselleri anyklamak öwrediler

Google-iň gözlegçileri smartfonlardaky suratlaryň kömegi bilen suratlar boýunça diabeti anyklamagyň usullaryny öwrenýärler. Bu barada Google Al blogunyň makalasyna salgylanyp, ZDNet portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Mobil gurluşlaryň kamerasyndan alnan suratlaryň bu keseliň dürli görnüşlerini anyklamaga kömek edip biljekdigini bilmek maksady bilen alymlar EyePACS we Chang Gung Memorial Hospital bilen bilelikde kliniki synaglary geçirer.

Mundan başga-da, Google-iň saglygy goraýyş müdiri lukman Karen Desalwo kompaniýanyň keselleri anyklamak we gözegçilikde saklamak üçin täze çemeleşmeleri işläp taýýarlaýandygyny aýtdy. Mysal üçin, Google smartfony döşüňde goýanyňda ýürek urgusynyň sesini ýazyp almagyň usullaryny öwrenýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň
SIM-kartlary ekologiýa zyýan ýetirmekde günäkärlediler
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Höwesjeň altyn almak üçin 200 smartfony sökdi
Xiaomi özüniň ilkinji 200 megapiksellik smartfonyny bildiriş etdi
10 minutda 100% zarýad beriji tehnologiýa