Smartfon eksportyny ýokarlandyrar

Häzirki 2021-2022-nji maliýe ýylynda (31-nji martda tamamlandy) Hindistanyň smartfon eksporty öňki ýyl bilen deňeşdirilende 85% ýokarlandy we 5,6 milliard dollardan geçdi. Bu barada Hindistanyň öýjükli aragatnaşyk serişdelerini we elektron harytlaryny öndürijileriň assosiasiýasy (ICEA) habar berdi.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar, şol sanda mikroshemalaryň we ýarym geçirijileriň üpjünçilik zynjyryndaky düýpli kynçylyklara garamazdan, eksportuň uly ösüşi gazanylýar diýip, assosiasiýanyň ýolbaşçysy Pankaj Mahindru belleýär.

Mundan ozal, Hindistan özüniň smartfon eksportyny Günorta Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna gönükdirýärdi. Häzirki wagtda bu önümleriň üpjünçiligi üçin günbatar ýurtlarynyň we Aziýanyň uly döwletleriniň bazarlary ileri tutulýar. Smartfon eksportynyň ösüşi Hindistanyň daşary ýurtlara çig mal harytlaryny satmakdan, ösen senagat pudaklary tarapyndan öndürilen ýokary tehnologik önümleriň üpjünçiligine kem-kemden geçýändigini görkezýär diýip, Mahindru belledi.

Hindistan smartfon çykarmak boýunça önümçilik bazasyny ýokarlandyrmak üçin Samsung, Foxconn we Pegatron ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Ýene degişli makalalar

“Buz eýýamy 6” animasiýasynyň görkeziljek wagty mälim edildi
103 ýaşynda paraşýutdan bökdi
Şwesiýaly aýal 103 ýaşynda paraşýut bilen böküp dünýä rekordyny täzeledi
Made in India: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy
Hindistan 2021-2022-nji maliýe ýylynda smartfon eksportyny 85% ýokarlandyrar
20th Century Fox Agata Kristiniň romany esasynda ýene bir filmi surata düşürer