Sloweniýanyň ilkinji zenan Prezidenti

13-nji noýabrda Sloweniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda partiýasyz dalaşgär, aklawçy Nataşa Pirs-Musar 53,86% ses bilen ýeňiş gazandy. Respublikanyň Döwlet saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň 46,14%-i ýurduň öňki daşary işler ministri, Sloweniýanyň demokratik partiýasynyň orunbasary Anže Logara ses berdi. Jemleýji netijeler 29-njy noýabrda belli bolar.

Saýlanan Prezident şu ýylyň 23-nji dekabrynda öz wezipesinde iki möhlet işlän hem-de Respublikanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, üçünji gezek dalaş edip bilmeýän häzirki Prezident Borut Pahoryň ygtyýarlyklarynyň möhleti gutarandan soň wezipesine girişer.

Nataşa Pirs-Musar saýlawdan soňky çykyşynda ähli raýatlaryň lideri boljakdygyna, olaryň hukuklaryny gorajakdygyna, şeýle hem Günbatar Balkan ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny ýardam berjekdigine söz berdi.

Ýurtda 1,7 million töweregi saýlawçy bar. Döwlet saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge hukugy bolan Sloweniýanyň 898,073 raýaty gatnaşdy. Bilermenleriň pikiriçe, Pirs-Musaryň ýeňiş gazanmagyna saýlawlarda ses bermäge gatnaşanlaryň sanynyň köp bolmagy sebäp boldy.

Sloweniýaly syýasatçy Nataşa Pirs Musar 1968-nji ýylyň 9-njy maýynda Lýublyanada (Sloweniýa) dünýä indi.Ol 1992-nji ýylda Lýublyana uniwersitetiniň hukuk fakultetini gutardy. 2015-nji ýylda Wena uniwersitetiniň (Awstriýa) hukuk fakultetinden şahsy maglumatlary goramak boýunça doktorlyk derejesini aldy. 1990-njy ýyldan 1996-njy ýyla çenli Pirs Musar Sloweniýanyň milli teleýaýlymynda žurnalisti we habarçysy bolup işledi.

Ol şu ýylyň 23-nji oktýabrynda, Sloweniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda sesleriň 27%-ine eýe bolup, ikinji tapgyryna çykdy.Nataşa Pirs Musar, işewür Alýoş Musar bilen durmuş gurýar.

Olaryň bir ogly bar.

Sloweniýa Respublikasy Günorta Ýewropadaky bir döwlet bolup, 2 million 107 müňden gowrak ilaty bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň diplomaty Sloweniýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Nataşa Pirs-Musar ýeňiş gazandy
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi
Türkmenistanyň ýörite gulluklary awia ýolagçylar baradaky maglumatlary öňünden alarlar