Slowakiýanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolar

Slowakiýanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolar

Slowakiýanyň Premýer-ministri Roberto Fitso Türkiýede saparda bolar.

Myhman Premýer-ministr paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.

Iki lider özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder.

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Slowakiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler.

Iki lider soň bolsa metbugata beýannama berer.

Prezident Erdogan myhman Premýer-ministriň hormatyna resmi agşam naharyny berer.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Prezident Erdogan Hamasyň Şura Mejlisiniň Başlygyny Kabul Etdi
Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar
Erdogan-Şara Duşuşygy Dünýäniň Gün Tertibinde…