Slowakiýa Patriot Howa Goranyş Ulgamy Ornaşdyrylar

Slowakiýa Patriot Howa Goranyş Ulgamy Ornaşdyrylar

Ýaroslaw Nad sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli NATO-nyň gündogar böleginiň güýçlendirilmegi maksady bilen Germaniýanyň we Gollandiýanyň üpjün eden Patriot howa goranyş ulgamlarynyň wagtlaýyn möhlet boýunça Slowakiýa ugarylandygyny mälim etdi.

Howa goranyş ulgamynyň Sliaj şäherindäki harby howa bazasyna ornaşdyryljakdygyny mälim eden Nad, şol çäkde 2100 NATO esgeriniň iş alyp barjakdygyny habar berdi.

Ministr Nad, Patriot howa goranyş ulgamynyň ýurduň eýe bolan rus S-300 howa goranyş ulgamynyň ýerine ornaşdyrylmajakdygyny, ýurduň howa goranyşynyň güýçlendiriljekdigini nygtady.

S-300 howa goranyş ulgamynyň ýaşy, tehniki şertleri we ukyplary sebäpli çalşyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini beýan eden ministr Nad, ýurduna başga howa goranyş ulgamy berilen halatynda S-300 ulgamyny Ukraina bermäge taýýardyklaryny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
Altun: "F-35-ler we Patriotlar şertsiz ýagdaýda berilmelidir" diýdi
ABŞ-nyň, Saud Arabystanyna Patriot Howa Goranyş Ulgamlaryny Berendigi Öňe Sürüldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ, Polşa 2 Sany Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer