Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 23 — 25-nji oktýabrynda geçiriljek XXIX Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 (OGT 2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Öňki Schlumberger ady bilen tanalýan SLB kompaniýasy bu halkara maslahatyň hem-de serginiň bürünç hyzmatdaşy boldy diýip, nCa internet portaly habar berýär.
Bu abraýly forum tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we nebit-gaz pudagynda strategiýalary işläp düzmek üçin amatly meýdança öwrüler diýlip garaşylýar. Sebit we halkara derejede öňdebaryjy hasaplanýan bu iri çäre ýokary derejeli ýolbaşçylary bir ýere jemläp, onda nebit-gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek we halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna ileri tutulýan taslamalar we maýa goýum ugurlary barada iň täze maglumatlar elýeterli bolar.
SLB (ozalky ady Schlumberger) energetika pudagyny tehnologiýalar we hyzmatlar bilen üpjün ediji dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biridir.SLB öz taryhyny ylmy gözlegler bilen başlady we şondan bäri köp wagtyň geçendigine garamazdan, tehnologiki ösüşe ygrarlylyk kompaniýanyň esasy gymmatlyklarynyň biri bolmagynda galýar.
SLB gözleg we önümçilik dolandyryşyndan başlap, suw howdanyndan turbageçirijä çenli uglewodorod önümçiligini kämilleşdirmek we ýatagy netijeli dolandyrmak üçin pudagyň iň giň önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär.
SLB-niň Türkmenistanda alyp barýan işleri 1993-nji ýylda başlandy. Häzire çenli kompaniýa Türkmenistanyň geljegi uly uglewodorod ýataklarynda, hususan-da, Galkynyş, Uzynada, Goturdepe, Çeleken we Burun känleinde üstünlikli iş alyp bardy.
Ýeri gelende bellesek, SLB kompaniýasy 120-den gowrak ýurtda toplan tejribesine esaslanyp, daşky gurşawy goramagyň işde üstünlik gazanmagynyň möhüm şertidigini ykrar edýär. Daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmek we jemgyýetçilik gatnaşygy kompaniýanyň strategiýasynyň möhüm bölekleridir. Şonuň üçin hem, kompaniýa Türkmenistandaky we dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky desgalarynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ulanýar.