Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler

Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler

Angliýanyň “Çelsi” futbol klubuny satyn almak üçin arzalary kabul etmegiň möhleti 18-nji marta çenli uzaldylar. Ol ilki 15-nji martda tamamlanmalydy. Bu barada Sky News britan teleýaýlymy habar berýär diýip, azertag.az belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, şertnamany amal etmäge gatnaşjak Raine amerikan banky potensial alyjylary bu ädimiň Beýik Britaniýanyň Sanly tehnologiýalar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport ministrligi, şeýle-de hökümetiň maýa goýumlar boýunça döwlet kompaniýasy (UK Government Investments, UKGI) bilen ylalaşylandygyny habar berdi.

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleriniň öň mälim etmegine görä, “Çelsini” satmagyň esasy şertleriniň biri onuň patyşalykda sanksiýalara sezewar bolan eýesi Roman Abramowiçiň klub üçin berlen puly almazlygydyr. Şeýle-de, UKGI maliýeleşdirmegiň çeşmesini we serişdeleriň mundan beýläk hem ulanylmagyny tassyklap, klubuň satylmagy üçin ýörite ygtyýarnama bermeli bolar.

Mümkin bolan alyjylaryň arasynda britaniýaly maýadar Joş Harris, gurluşyk magnaty Nik Kendi we birnäçe amerikaly telekeçiler Todd Boeli, şeýle-de Jo we Todd Rikketsler bar.

Şertnamany “Çelsiniň” maliýe ýagdaýynyň bolmazlygynyň öňüni almak maksady bilen mümkin boldugyndan çalt ýapmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda kluba diňe oýunlary geçirmek bilen bagly işleri amala aşyrmaga rugsat berilýär. Britaniýanyň KHBS-niň bellemegine görä, sanksiýalar sebäpli “Çelsi” “Stemford Brij” stadionynyň golaýyndaky klub dükanynda petek (möwsüm üçin abonementler hereket etmegini dowam eder), ýadygärlik sowgatlaryny satmak we oýunçylar bilen şertnama baglaşmak mümkinçiligini ýitirdi.

Ýene degişli makalalar

Angliýada öňden düzülen ýeňil parollary ulanmak gadagan ediler
Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
UKYNYŇ BEÝNÄ TÄSIRI
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
26.02.2020 | Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär