Skripkaçy, altçy we pianinoçy zenan konsert bermegi niýet etdiler...

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda nusgawy sazlaryň konserti boldy.TMK-nyň ýaş mugallymlary, zehinli sazandalar pianinoçy Bahar Annadurdyýewa, skripkaçy Bahram Dolyýew, altçy we kirişli saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Tahyr Ataýew dagy ýewropaly barokko hem-de romantizm eýýamlarynyň kompozitorlarynyň eserleri bilen tanyşdyrdylar.

Konsert Bahram Dolyýewiň çalmagynda Iogann Sebastýan Bahyň Skripka üçin partita solo №2 sazy bilen açyldy.Gaýgy-aladasyz, ýeňil we sazlaşykly sazdan soň Bahyň emosional çeper Sarabandasy ýaňlanýar. Üçünji -- Žiga eserine barha nöwjeýän ekspressiýa mahsusdyr. Ýürege ýakyn nepis skripka sazyna tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen baha berdiler.

Tahyr Ataýewiň we Bahar Annadurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde Anri Wýotanyň Alt we fortepiano üçin elegiýasy ýaňlandy.Tahyr diňe bir ussat dirižýor bolman, eýsem zehinli altçy hem.Konsertde döwürdeşimiz, tanymal kompozitor Mämmet Güseýnowyň fortepiano üçin Gündogar ertekileri pýesa-fantaziýasynyň premýerasy boldy.

Bahar Annadurdyýewa roýalda eseriň nepis we belent saz dilini çeper beýan edip, tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldy.Saz agşamy Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Skripka we orkestr üçin konserti (35-nji eseriniň II we III bölekleri) bilen jemlendi.

Bahram bilen Baharyň ussatlygyna diňleýjiler Aperin!diýip baha berdiler.Konsertden soň konserwatoriýanyň synp otaglarynyň birine sazandalary gutlamak we olaryň çykyşyndan galan täsirler barada pikirini aýtmak üçin ýaş mugallymalryň halypalary, kärdeşleri, dost-ýarlary we muşdaklary ýygnandylar. -Tahyr, Size dirižýor hökmünde gözümiz öwrenşipdir, ozal siz altly görmändik... -Aslynda meniň asyl kärim altçy-da.

Kärdeşleriniň biri: Muny ýatdan çykarmaýanyň gowy-diýip söz goşdy. -Konserwatoriýada ýaş hünärmenler kän, şonda-da näme üçin üçüňiz bile çykyş edýärsiňiz? -Sebäbi biz hem dost, hem pikirdeş. -Bilelikde çykyş etmegi kim teklip etdi? -Bahar.

Ol çykyşlaryň maksatnamasyny-da düzdi, men diňe Jorje Ioneskunyň eseri goşdum diýip Tahyr aýtdy. Ýene sazandalaryň daşyna ykjam telefona surata düşmäge we awtografa hösekler üýşdiler, olara mähirli gutlaglar aýdyldy hem-de Täze, 2020-nji ýyllda üstünlikler arzuw edildi.

Ýene degişli makalalar

Baky saz ýaňlanar...
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Nikolaý Amiýansyň okuwçylary Ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler
Bahram Dolyýew: Ýozef Ioahimiň skripka sungaty ýörelgesini dowam edip
Tanymal pianinoçy Amangül Gylyçmyradowa Aşgabatda çykyş etdi