Aşgabadyň “Agama” alpinistler kluby skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryny geçirdi.Marköw dagynyň belent-peslikleriniň tapawudy 1000 metrden geçýän eňňitlerine gurnalan ylgawa dürli ýaşdaky türgenleriň altmyşdan gowragy gatnaşdy.
Ylgaw 18 kilometr aralyga geçirildi. Ýagyş ýagmagy netijesinde ýaryşyň geçen ýolunyň çylşyrymlaşandygyny bellemek gerek. Şonuň üçinem onuň guramaçylary türgenleriň howpsuzlygy barada alada edipdirler.Munuň üçin gaýa köwlerinde, inişlerde we ýoluň ýokary galýan ýerlerinde ylgawa gatnaşýanlara çelgi hökmünde belgiler goýuldy.
Dagyň depesindäki bellik nokatlarynda eminler toparynyň agzalary nobatçylyk çekdiler.Belentlige marafony Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky geçen ýylky ýaryşynyň ýeňijisi, sport ussady Alekper Ahmedow hemmelerden tiz - 2 sagat 55 minutda geçdi.
Agadurdy Hydyrow ýeňijiden 15 minut, Sergeý Arhipow 50 minut giç pellehana geldiler.Zenanlaryň arasynda Nastýa Loskarýowa iň gowy netije görkezdi.Pellehana Gözel Ataýewa ikinji, Nadiýa Kostowa üçünji bolup geldiler.
Skaýranning boýunça ýaryşlar dünýäde örän meşhur bäsleşikdir.Hususan-da, birinji tapgyryň ýeňijisi Alekper Ahmedow halkara ylgawlaryna gatnaşyp gelýär.Türkmenistanda sportuň bu görnüşi bilen daga çykmaga höwesekleriň ýüzlerçesi meşgullanýar.
Her ýyl bäş tapgyrdan ybarat ýurduň Kubogy ugrunda ýaryş geçirilýär.Dag marafonunyň ýoly Duşak-Erikdag, Marköw, Harlasaň, Arlan depelerinden, şeýle hem Saglyk ýolundan geçýär.