Aşgabatda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda skaýranning boýunça ýaryşlar tamamlandy. Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunyň ugry boýunça ýaryşlaryň jemleýji tapgyry geçirildi, ol Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” alpinistrler kluby tarapyndan “belentlikde bäsleşikler” ugry boýunça Saglyk ýolunda Halkara Bitaraplyk gününe we Halkara daglar gününe bagyşlanyp ylgamak boýunça guraldy. Erkekleriň arasynda Ýazgeldi Ödenyýazow we zenanlaryň arasynda Nažiýa Kostowa Kuboga mynasyp boldular.
Bäsleşikler Çandybil şaýolundan “Türkmenistan” Teleradiogepleşikler merkezine çenli Saglyk ýoly boýunça geçirildi. Türgenler jemi beýikligi 1320 metre golaý bolan 18 kilometrden gowrak aralygy geçdiler.
Skaýranerler ir bilen bäsleşige girişip, paýtagtymyzyň tanap ýolunyň başlanýan ýerindäki ilkinji gözegçilik nokadyna tarap ugradylar. Ýaryşlaryň öňüni çeken Ýazgeldi Ödenyýazow we onuň yzyndan gelýän, umumy hasapda üçünji orny eýelän Arslan Annamämmedow beýlekilerden has tapawutlanyp, pellehana ilkinji bolup geldiler.
Ikinji gözegçilik nokadyna çenli aralyk köpsanly belende galyşlary we aşak düşülmegini özünde jemleýär, bu aralykda Ýazgeldi iki minut tapawutlylykda has öňe saýlandy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry has çylşyrymly boldy. Ol bäş ýüz metre çenli dürli belentlikleri öz içine alýan päsgelçilikli ýodajyklar bolup, ony geçmek ýeňil bolmadyk synag boldy.
Ý.Ödenyýazow bu ýerde hem artykmaçylygyny görkezip, 1 sagat 55 minut 17 sekunt jemleýji netije bilen, bu aralyk üçin bir minutdan gowrak netijede öz şahsy rekordyny täzeledi. Arslan Annamämmedow ýeňijiden 10 minutdan gowrak yza galdy, Maksim Ýunýew öz iň ýakyn garşydaşyndan bary-ýogy 22 sekunt öňe saýlanyp üçünji bolup pellehana geldi.
Dört tapgyryň jemleri boýunça toplanylan ballar Kubok ugrunda bäsleşikleriň jemleýji netijesini emele getirdi. Üç möwsümde ylgawlaryň ähli tapgyrlarynda ilkinji gezek Ýazgeldi Ödenyýazow ýeňiji boldy.Beýleki orunlar ugrunda çylşyrymly bäsleşikler ýaýbaňlandy.
Jemleýji tapgyrda eýelän ikinji orny Arslan Annamämmedowa umumy hasapda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, şunda ol bary-ýogy dört ball tapawut bilen ýeňiş gazandy.Bu Kuboga ozal iki gezek eýe bolan Alekper Ahmedow üçünji orny eýeledi.
Zenanlaryň arasynda Wladilena Omelçenko 3 sagat 17 minut 22 sekunt netije bilen umumy hasapda bürünç medala eýe boldy. Şunuň ýaly ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşan Nartäç Mämmedowa ýeňijiden 14 minut yza galyp, ikinji orny eýeledi.
Nažiýa Kostowa 3 sagat 34 minut 52 sekunt görkeziji bilen üçünji orny eýeledi.Emma tutuş ýylyň dowamynda durnukly netijeler görkezmegi oňa ballaryň jemi boýunça zenanlaryň arasynda skaýrainning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Jemi hasap boýunça ikinji orny eýelän Gözel Ataýewa bellenilen ýoldan çykyp, öňdeligi saklap bilmedi.
Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikler köp tapgyrly ýaryşlardan ybaratdyr. Şu ýyl bu ýaryşlaryň hasabynda dört tapgyryň netijeleri göz öňünde tutuldy. Möwsümi Duşakekikdag belentliginde (2482 metr) mart aýynda “belentlikdäki ýaryşlar” tapgyry açdy. Soňra maý aýynda Arlan dagynda (1881 metr) Uly Balkanda “dikligine kilometrler” ugry boýunça, sentýabr aýynda Harlasang (1643 metr) dagynda geçirildi.