Ýylgyryş adamyň içki gözelligini açyp görkezýän aýnadyr. Ýylgyrmak bilen adam özüniň bagtly durmuşa bolan höwesini we hyjuwyny artdyrýar. Eýsem, bizi ýylgyrdýan zatlar näme?!
Dünýäniň bilermenleri birnäçe adamda ýylgyryşyň döremeginiň sebäplerini anyklamak üçin tejribe geçirdiler.Olara kompýuter arkaly birnäçe soraglar berildi.Soraglara ýalňyş jogap beren gatnaşyjylaryň ýüz hereketinde içgysgynçlyk, lapykeçlik we gaharjaňlyk alamatlary duýuldy.
Haçanda soraglara dogry jogap berenlerinde olaryň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy. Ýagny olar kiçijik üstünligini ýylgyryş bilen garşy aldylar.Tejribäniň netijesinde, ýylgyrmaklygyň diňe bir bagtly bolmak bilen bagly bolman, eýsem, birek-birek bilen hoşamaý gatnaşykda we işdäki şowlulyklarda döreýändigi ýüze çykaryldy.Dürli sebäplere görä, köplenç ýylgyrmagy ýatdan çykarýarys.
Aslynda çagalar günde 400 gezek, ulular bolsa günde ortaça 40 gezek ýylgyrýarlar. Şonuň üçin çagalaryň töwereginde özümizi has bagtly duýýarys, sebäbi olar ululara görä has köp ýylgyrýarlar.Gündelik ýylgyryş ýakynlarymyz üçin iň gowy sowgatdyr.
Biz ýylgyrmak arkaly daş-töweregimizdäkileri hem begendirýäris.Birek-biregi ysnyşdyrýan we özara ynamy güýçlendirýän ýylgyryş köplenç kanagatlylygyň hem-de hoşallygyň alamaty hökmünde ýüze çykýar.Ýylgyrmak saglyk üçin hem peýdaly bolup, gan basyşyny kadalaşdyrýar, bedeni rahatlandyrýar.
Beýnidäki ýadawlygy aýryp, özümizi has gowy duýmaga kömek edýär. Ýylgyrylanda sussupeslik derejesi peselip, bagt garmonlary has-da köpelýär.