Siwrihisar Jepken Penjegi

Siwrihisar Jepken Penjegi

Türkiyäniň Iç Anadoly bilen Marmara sebitleriniň arasyndaky kesişýän nokatda ýerleşýän we ýurduň taryhynda örän möhüm wakalara şaýatlyk eden Eskişehir şäheriniň Siwrihisar etraby aslyna muwapyk penjegiň gysga görnüşine öz adyny beripdir.

Siwrihisaryň etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Siwrihisar Jepken Penjegi ýüň, pagta ýa-da mahmal matanyň üstüne dolulygyna parlak we kümüş önümleriň, monjuklaryň we nagyşlaryň kömegi bilen öndürilýär.

Inçe ýakaly, uzyn ýeňli we öňi açyk ýagdaýda bolup, boýy adamyň biline çenli bolan Siwrihisar Jepken Penjegi, ýalpyldawuk sapaklaryň bükülmegi bilen kirişiň ýörite berkitmek usuly bilen ýasalýar.Penjegiň gysga bolmagy hem bil zolagyna kemeriň dakylmagy we aşagyna geýilýän gasynlanan balagyň görnüşini göze ýakymly edýär.

Parlak we kümüş önümler, monjuklar we nagyşlar bilen işlenmegi bilen dolulygyna elde dikilýär we ussatlygy talap edýär.Penjegiň ýüzüne alma, armyt ýa-da guş şekilleri dürli reňklerde ýalpyldawuk sapaklar bilen, esasanam gara, gyzyl, gyrmyzy we deňiz gök reňkler bilen şekillendirilýär.

Dabara günlerinde we toýlarda geýilýän Siwrihisar Jepken Penjegi saklanan mahaly hem, nagyşlaryň biri-birine degmezligi üçin eplenmeýär, üstüne örtük dakylyp, egin-eşik şkafyna goýulýar.

Ýene degişli makalalar

Ädikçi (Hekaýa)
Türkmen “Alem Shipping” ulag we transport kompaniýasy öz işine başlady
Alem Shipping halkara deňiz ýükleri pudagynda ilkinji türkmen gämi gatnawy kompaniýasy
TRT World Forumda Palestina Meselesi Ara Alynyp Maslahatlaşylar
“Terror Döwleti Ysraýylyň Kimdigini Bütindünýä Bilmeli”
Täze gämi gatnawy Türkiýäni Merkezi Aziýa bilen birikdirer