Türkiýäniň Merkezi Anadoly sebitinde ýerleşýän Siwas welaýatynyň Kangal etraby diňe bir itiň Siwas Kangal görnüşi bilen meşhur bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda şypaly suwlary bilen hem meşhurdyr.
Siwas Kangal Balykly Şypaly Suwy etrap häkimliginiň ýüz tutmasy boýunça 2002-nji ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy. Şypaly suwuň meşhurlyk gazanmagynyň sebäpleriniň biri hem suwuň içinde ýaşaýan lukman balyklardyr.
Düzüminde selen elementi bolan şypaly suw ençeme kesele, şolar bilen bir hatarda psoriaz keseline, deri kesellerine, guragra we newrologik kesellere garşy peýdalydygy ylmy taýdan anyklandy.
Mundan başgada lukman balyklaryň adamlaryň bedenini agyzlary bilen urmaklary netijesinde emele gelýän stimulýasiýa zolaklarynda bilogiki işjeňligi artdyrýar we şol ýagdaý syrkawlary psihologiki taýdan rahatlandyrýar.