SIRK SUNGATY USSATLARA BAŞARDÝAR

SIRK SUNGATY USSATLARA BAŞARDÝAR

Paýtagtymyzda Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de Nikuliniň Swetnoý bulwardaky Moskwa sirkiniň artistleriniň tomaşalary yzygiderli guralýar. Şowhunly çykyşlar çagalaryň tomusky dynç alyş döwrüniň gyzykly, täsirli geçmegi, uly ýaşdaky ildeşlerimiziň bolsa medeniýetli, rahat dynç almagy üçin uly mümkinçilik döredýär. Russiýaly artistleriň Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki çykyşlary hem özboluşly häsiýete eýe boldy.

Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, türkmen-rus medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmekde yzygiderli işler alnyp barylýar.Indi ençeme gün bäri Türkmenistanyň Döwlet sirkinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Russiýanyň sirk artistleri tarapyndan hödürlenilýän çykyşlar hem munuň bir mysalydyr. Çykyşlarda çeýe hereketli tansçylaryň görkezýän tomaşalary, gülküli sahnalar, akrobatlaryň çylşyrymly hereketleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny-da, myhmanlaryny-da haýran galdyrýar.

Howa halkalaryndaky akrobatik hereketleri bilen öz ukyp-başarnyklaryny görkezen sirk artistleriniň, baş öwredilen aýydyr ýolbarsyň, şeýle hem gaplaňlaryň çykyşlary biri-biri bilen utgaşyp, bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

- Men Türkmenistanda ilkinji gezek bolýaryn.Bu ýerdäki çykyşlarymyz Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinden başlandy.Döwrebap medeni ojakda döredilen mümkinçilikler döredijilikli zähmet çekmäge ýakyndan ýardam berýär.

Türkmenistana saparymyz birnäçe täsirli pursatlary bagyş etdi.Görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirýän gaplaňlarymyzyň biriniň sapar mahaly çagalamagy ýatdan çykmajak şol pursatlara aýratyn öwüşgin berdi. Çaga gaplaňlary Arkadag şäherindäki atçylyk sirkine sowgat berýändigimize diýseň buýsanýaryn.

Ene gaplaň Magda eýýäm dördünji gezek çagalady.Gaplaňjyklaryň 3-siniňem özüni duýşy gowy.

Türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etmek biziň üçin örän ýakymly. Olar baş öwredilen ýolbarsyň, gaplaňlaryň başarnyklaryny uly gyzyklanma bilen synlaýarlar we gyzgyn el çarpyşmalar bilen öz hoşallyklaryny bildirýärler. Şunuň ýaly saparlar iki ýurduň sirk artistleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary has işjeňleşdirmäge, tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär — diýip, Ýolbars we gaplaňlar atly görkezme çykyşyň ýolbaşçysy Rostislaw Gawryliw söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Dost-doganlygyň mekanyna öwrülen ýurdumyzda russiýaly artistleriň çykyşlary dowam edýär.Olaryň Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlaryna-da sapary, Türkmeniň ak öýlerinde şowhunly çykyşlary göz öňünde tutulýar.

Medeniýet we sungat — parahatçylygyň ilçisi.Onuň pajarlap ösýän ýurdunda abadançylyk, rowaçlyk höküm sürýär.Diýarymyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, dostlukly döwletleriň medeni ojaklary bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamagy ýurdumyzyň dünýä ýüzünde parahatçylygy ündeýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

- Ata Watanyňa dolanmak, ildeşleriňe şatlyk paýlamak diýseň ýakymly duýgy. Şu gezekki saparymyzda çykyşlaryň Türkmenistanyň ilkinji akylly şäheri - Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döwrebap sahnasynda başlamagy aýratyn mana eýe boldy.

Dünýäniň dürli künjeklerinde saparlarda bolsamam, Arkadag şäheriniň döwrebap sirki ýaly ähli amatlyklary özünde jemlän, gurluşyk taslamasy taýdan hemmeleriň ünsüni çekýän sirki ilkinji gezek gördüm.Onda dürli žanrdaky sirk çykyşlaryny ýerine ýetirmek, sirk artistleriniň, haýwanlaryň çykyşlardan öň taýýarlyk işlerini geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilipdir.

Sirkdäki zähmet ýoluma eýýäm 50 ýyl dolan bolsa, aýylar bilen işleşip ýörenime 40 ýyl boluberipdir.Türkmen - sungaty söýýän, hormatlaýan halk. Şonuň üçin watandaşlarymyň öňünde çykyş etmek, bir tarapdan, uly buýsanç bolsa, beýleki tarapdan, uly jogapkärçilik.

Biz Türkmenistanda Aýylar - ynsanyň dosty atly tälim berlen aýynyň tilsimlerini görkezýäris. Şeýle sapar bilen ýurdumyza eýýäm ikinji gezek gelýäris.Mundan ozal 2012-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda döredijilik saparynda bolupdyk. Şunuň ýaly döredijilik saparlaryny amala aşyrmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys - diýip, Nikuliniň Swetnoý bulwardaky Moskwa sirkiniň artisti Baýram Ataýew ýürek sözüni beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Italiýada sirkden gaçan ýolbars birnäçe sagat şäherde aýlandy
Milli we halkara bilermenleri öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Haýwanat baglarynyň ähmiýeti
Haýwanat baglarynyň ähmiýeti