BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş 14 ýyllyk wagşy söweş we diktator ulgamynyň dargamagyndan soň siriýanyň halkynyň ýagty gelejegini gurmagy üçin taryhy pursadyň emele gelendigini belledi.
Guterreş, Siriýada Baas ulgamynyň agdarylmagyndan soň ýazmaça beýannama berdi.
Siriýanyň gelejegini siriýalylaryň kesgitlemelidigini nygtan Guterreş, BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pederseniň hem geçiş etabyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.
Gutererş “14 ýyllyk wagşy söweş we diktator ulgamynyň dargamagyndan soň Siriýanyň halky durnukly ýagty gelejegini gurmak üçin taryhy pursady başdan geçirýär” diýdi.
Guterreş diplomatik wekilhanalaryň we hünärmenleriniň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda goralmalydygyna ünsi çekdi.
Siriýada 27-nji dekabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen garşydaş ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklar möwjäpdi.
Paýtagt Damaska 7-nji dekabrda girmäge başlan ýaragly toparlara halkyň hem goldaw bermegi netijesinde Siriýanyň hökümeti birnäçe etrapda gözegçiligini ýitiripdi.
Düýn hem Baas ulgamynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýeti agdarlypdy we Başar Asada ýurdy terk edipdi.