Siriýanyň Durnuklylygyna Goşant Goşarys

Siriýanyň Durnuklylygyna Goşant Goşarys

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Siriýanyň durnuklylygyna goşant goşmak üçin edilýän tagallara goldaw berjekdiklerini aýtdy.

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybiha bilen Oba hojalyk we azyk ministri Witaliý Kowaly kabul edendigini aýtdy.

Iki ministrden Siriýa guran sapary hakynda giňişleýin maglumat alandygyny aýdan Zelenskiý, “Siriýanyň durnuklylygyna goşant goşmak üçin edilýän tagallara goldaw bereris. Siriýanyň hökümetine goldaw bermek isleýän ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin Ukrainada galla meýilnamasyny taýarlarys. Bu mesele boýunça Ýewropa ýurtlary we ABŞ bilen aragatnaşyk saklarys” diýdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybiha 30-njy dekabrda Siriýanyň paýtagty Damaska guran saparynyň çäginde täze hökümetiň lideri Ahmed Şara, wagtlaýyn hökümetiň Premýer-ministri Muhammed Al Beşir we Daşary işler ministri Esaad Hasan Şeýbani bilen duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl günorta Siriýa howa hüjümlerini guraýar
Ahmed Şara Siriýanyň Wagtlaýyn Prezidenti Boldy
Ibrahim Kalyn Siriýada saparda boldy
THÝ Damaska Uçar Saparlaryny Guramaga Başlar
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
PKK/ÝPG Siriýanyň Deýr-ez-Zor welaýatynyň merkezine hüjüm gurady