Siriýanyň demirgazygynda ýaralanan türk esger şehit boldy

Siriýanyň demirgazygynda ýaralanan türk esger şehit boldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, pyýada goşunynyň uly seržanty Osman Oktaýyň 7-nji fewralda Siriýanyň demirgazygyndaky bazalaryň birinde, ekstremist terror guramasynyň agzalary tarapyndan ot açylmagy netijesinde ýaralanandygy we Gaziantep şäher hassahanasynda bejergi astyna alynandygy mälim edildi.

Ýaralanan esgeriň edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmän, şehit bolandygy bellenen beýanatda: "Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine we eziz milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlarıň Sany 1541 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 284 Adama Ýetdi
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary