
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan mesele bilen bagly beýannama berildi.
Beýannamada: "Günortamyzda emele getirilmäge synanyşylýan terror koridoryna rugsat bermedik, mundan soň hem bermeris. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde anyklan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Sebitde iň soňky terrorçy galýança çenli göreşimiz erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi.