
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora we terrorçylara garşy göreşiniň gije-gündiz, dag-baýyr diýmän tutanýerlilik bilen dowam edýändigi habar berildi.
Beýanatda: "Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahasy sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip mälim edildi.