“Siriýalylaryň Howpsuzlygynyň Üpjün Edilmegi Üçin Edilýän Tagallalara Goldaw Bereris”

“Siriýalylaryň Howpsuzlygynyň Üpjün Edilmegi Üçin Edilýän Tagallalara Goldaw Bereris”

Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankarada saparda bolan Belgiýanyň Daşary işler ministri Bernar Kwintin bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Fidan, Siriýada agdarlan lider Başar Asadyň häkimiýeti döwründe zuluma sezewar bolan millionlarça adamyň öýlerini terk edendigini we Türkiýe bilen birlikde başga ýurtlara gitmeli bolandyklaryny nygtap, Türkiýäniň zulumdan gaçanlary hiç säginmän kabul edendigini ýatlatdy.

Türkiýäniň ýurduna gelen siriýalylaryň arkaýyn ýaşamaklary üçin amatly şert döredendigine ünsi çeken Hakan Fidan; “Bu täze döwürde hem Türkiýäniň diline, dinine we messebine garamazdan nusaýilere, alewilere, ýezidilere we hristiýanlara goldaw bermäge dowam eder.

Olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin edilýän tagallalara goldaw bereris.Siriýanyň täze hökümeti hem bu meselä uly ähmiýet berýär.Prezidentimiz R.T.Erdogan hem bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Biz zuluma garşy durmaga dowam ederis”diýip belledi.

Belgiýanyň Daşary işler ministri Bernar Kwintin bolsa, Siriýanyň durnuklylygynyň ähmiýetine ünsi çekdi we Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin täze hökümetiň we Türkiýäniň edýän tagallalaryna goldaw berjekdiklerini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Türkiýe Siriýadaky ähli azlyklary gorar
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Hakan Fidan Iordaniýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi