Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar

Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar

Siriýa Arap Respublikasynyň wagtlaýyn Prezidenti Ahmed Şara, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde şu gün Türkiýä geler.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, sosial mediadan beren habarnamasynda, Siriýa Arap Respublikasynyň wagtlaýyn Prezidenti Ahmed Şaranyň şu gün paýtagt Ankara geljekdigini habar berdi.

Altun, Prezident Erdoganyň çakylygyna laýyklykda guraljak saparyň çäginde Prezidentiň Kompleksinde geçiriljek gepleşiklerde Siriýadaky soňky wakalaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, ýurtda howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin ediljek özara hyzmatdaşlygyň seljeriljekdigini nygtady.

Altun, saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Siriýanyň wagtlaýyn hökümetine we siriýanyň halkyna halkara platformalarda beriljek goldawyň hem gün tertibine getiriljekdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun: "Netanýahunyň esassyz aýyplamalary netijesiz galar" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi