
Prezident R. T. Erdogan düýn paýtagt Ankarada saparda bolan Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.
“Türkiýe hökmünde iň agyr günlerinde siriýaly doganlarymyzy ýalňyz goýmadyk bolsak, şu günki günde hem olary ýalňyz goýmarys we degişli goldawy bereris” diýen Prezident Erdogan, Prezident Şaranyň taryhy saparyny iki ýurduň arasyndaky hemişelik dostlugyň we hyzmatdaşlygyň başlangyjy hökmünde görýändigini ýatlatdy.
“Goňşymyz Siriýa boýunça alyp barýan syýasatymyz, Siriýanyň bitewiligine we jebisligine esaslanýar” diýen Erdogan, “Arkalaşykly ýagdaýda hereket etmek bilen terroryň hötdesinden geljekdigimize geografiýamyzda howpsuzlygy we durnuklylygy ýola goýjakdygymyza ynanýaryn” diýdi.
Prezident Erdogan, DEAŞ we ekstremist terror guramasy PKK ýaly ähli terror guramalaryna garşy göreşde myhman prezidente we Siriýa goldaw bermäge taýardyklaryna ünsi çekdi.
Siriýa bilen Türkiýäniň arasyndaky taryhy gatnaşyklara ünsi çeken Şara bolsa, “Şol gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösdürip strategik hyzmatdaşlyk derejesine götermek isleýäris.Maksadymyza ýetmek üçin ykdysady, medeni we sosial taýdan işe girişdik.
Mundan başgada sebitdäki terror howplaryna garşy göreş üçin birlikde işleşýäris. Şol tagallalar Siriýanyň we Türkiýäniň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň ýola goýulmagyny maksat edinýär.Duşuşykda Siriýanyň demirgazyk gündogaryna abanýan howplar hakynda hem pikir alyşdyk” diýdi.