Siriýadaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 2 müň 802 adama ýetdi

Siriýadaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 2 müň 802 adama ýetdi

Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerde, Siriýanyň tapawutly sebitlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 802 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 5 müň 35 adama ýetdi.

Siriýada ýer titremäniň täsir ýetiren Idlib, Halap, Hama, Latakiýa we Tartus welaýatlarynda gözleg we halas ediş işleri 6-njy fewraldan bäri dowam edýär.

Asada tabynlykdaky güýçleriň habarlar agentligi SANA tarapyndan berilen habarlara görä, Halap, Latakiýa, Hama we Tartus welaýatlarynda Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde 1262 adam ýogaldy, 2285 adam ýaralandy.

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligindäki sebitlerde hem köp sanda bina ýumruldy we zyýan ýetdi.

Siriýanyň Adan hukuklary tory, Raýat goranyş topary, ýerli resmiler, saglygy goraýyş edaralary we ýerli çeşmelerden alynan maglumatlara görä, Siriýanyň Idlib bilen Ýewfrat Galkany we Zeýtun şahajygy sebitlerinde azyndan 1540 adam ýogaldy, 2750-den gowrak adam ýaralandy.

Oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerdäki gözleg we halas ediş işlerine Siriýanyň MIlli Goşuny hem gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
PKK/ÝPG-li 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär