Siriýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Siriýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren, güýç merkezi Türkiyäniň Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleriň täsir ýetiren Siriýada ýogalanlaryň sany 3 müň 574 adama ýetdi.

Ýer titremäniň täsir ýetiren Siriýada Idlib, Halap, Hama, Latakiýa we Tartus welaýatlarynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Siriýanyň Idlib sebiti bilen Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahajygy sebitlerinde azyndan 2 müň 166 adam ýogaldy, 2 müň 950-den gowrak adam bolsa ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçleri resmi habarlar agentligi SANA tarapyndan berilen habarlara görä ýer titremede Halap, Latakiýa, hama we Tartus welaýatlarynda Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerde 1408 adam ýogaldy, 2 müň 341 adam ýaralandy. Şeýlelik bilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremäniň täsir ýetiren Siriýada ýogalanlaryň sany 3 müň 574 adama ýetdi.

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerde hem köp sanda bina ýumruldy we zyýan ýetdi.

Oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerde dowam edýän gözleg we halas ediş işlerine Siriýanyň Milli goşunynyň düzümi hem kömek berýar.

Ýaralanan adamlar saglygy goraýyş edaralarynda bejergi edilýär. Öýleri ýumrulan ýa-da zyýan ýeten müňlerçe adam gijelerini köçelerde, metjitlerde ýa-da ýasama çadyrlarda geçirýärler.

Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin etrabynyň Jinderes etrapçasy, ýer titremäniň iň köp zyýan ýetiren ýeri boldy.

Raýat Goranyş çeşmeleriniň berýän habaryna görä, gözleg we halas ediş işlerine 500-den gowrak adamyň jesedi tapyldy, ýüzlerçe adam ýaraly ýagdaýda halas edildi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar
Russiýa Idlibe hüjüm guramaga dowam edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
PKK/ÝPG-li 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda bir esger şehit boldy
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär